“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň ahyrynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda 2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda Çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda Teswirnamalaýyn çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda Çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hormat haty bilen sylaglamak hakynda Teswirnamalaýyn çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2029-njy ýyly “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygy ýyly” diýip yglan etmek hakynda Çözgüt bar.
PDF




