Şu gün, 13-nji martda “Garagum” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk çäreleri we onuň geçirilişi netijeleri baradaky beýannamasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar toparynyň ýolbaşçysy çykyş etdi. Çärä ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar toparynyň ýolbaşçysy, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde, açyklyk we aýanlyk, şeýle hem saýlawçylaryň işjeňligi ýagdaýynda geçirilendigi kanagatlanma bilen belledi.

Anfimow GDA-nyn synçylar toparynyň düzümindäki synçylaryň öz ýurdunyň saýlaw ulgamynda ýokary derejeli adamlar bolup durýandygyny belläp, saýlawlaryň ähli ulgamlaryna gatnaşandyklaryny aýtdy. Ses bermek döwründe saýlawlaryň açyklygyna hiç hili täsiriň ýokdugy, Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň ähli kadalara laýyk, durnukly ýagdaýda geçendigi bellenildi.