Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­myz­da jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ze­nan­la­ryň er­kek­ler bi­len deň de­re­je­de gat­naş­ma­gy­ny has-da ýaý­baň­lan­dyr­mak üçin ze­rur bo­lan şert­le­ri dö­ret­mek ba­ba­tyn­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da­ ze­nan­la­ryň hal-ýag­da­ýy Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na, onuň hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­na we Ze­nan­la­ryň ýag­da­ýy bo­ýun­ça IV Bü­tin­dün­ýä mas­la­ha­ty­nyň (Pe­kin, 1995 ý.) tek­lip­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, deň hu­kuk­lar we azat­lyk­lar ýö­rel­ge­le­ri­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni, er­kek­ler we ze­nan­lar üçin deň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni mak­sat edin­ýän ze­nan­lar ba­ba­tyn­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň umu­my stra­te­gi­ýa­sy we ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bi­len kes­git­le­nil­ýär. Ýur­du­myz­da döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da gen­der deň­li­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ni Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy ke­pil­len­dir­ýär.

Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň 29-njy mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da er­kek­le­riň we ze­nan­la­ryň deň hu­kuk­la­ry we azat­lyk­la­ry, şeý­le hem ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin deň müm­kin­çi­lik­le­ri bar­dyr. Deň­hu­kuk­ly­ly­gyň jyns ala­ma­ty bo­ýun­ça bo­zul­ma­gy ka­nun­da bel­le­ni­len jo­gap­kär­çi­li­ge elt­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy, adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ry­nyň we jar­na­ma­la­ry­nyň, şol san­da ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry ba­bat­da esa­sy düz­gün­le­ri öz içi­ne al­mak bi­len, ola­ryň hu­kuk­la­ry­nyň gol­da­nyl­ma­gy­na we gel­jek­de hem ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len bir­nä­çe goş­ma­ça hu­kuk­la­ry ber­kid­ýär.
Gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek, ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da gi­ňelt­mek Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça sam­mi­tin­de (2015-nji ýyl) yg­lan edi­len 17 sa­ny Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da hal­ka­ra dü­züm­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk­da hal­ka­ra ka­da­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ry­lan mil­li ka­nun­lar ka­bul edil­ýär. Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça te­ma­ti­ki mak­sat­na­ma­lar we me­ýil­na­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar.
Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry esa­syn­da öz üs­tü­ne alan gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek ba­ra­da­ky borç­na­ma­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­ny be­ýan et­mek we ze­nan­la­ryň öz hu­kuk­la­ry­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek hem-de olar­dan peý­da­lan­mak müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­mak ba­ba­tyn­da Türk­me­nis­tan­da gen­der deň­li­gi bo­ýun­ça 2021-2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li He­re­ket­le­riň Me­ýil­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy. Bu Me­ýil­na­ma gen­der deň­li­gi bo­ýun­ça dur­nuk­ly ösü­şi we yk­dy­sa­dy ösü­şiň dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len, gen­der sy­ýa­sa­ty­ny, onuň mak­sat­la­ry­ny, we­zi­pe­le­ri­ni we ýö­rel­ge­le­ri­ni, döw­le­tiň ösüş stra­te­gi­ýa­sy­nyň çyg­ryn­da­ky äh­mi­ýe­ti­ni we ug­ru­ny kes­git­le­ýän mak­sat­na­ma­la­ýyn res­mi­na­ma bol­mak bi­len, 7 sa­ny stra­te­gik ug­ry öz içi­ne al­ýar. Olar, Gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek we kä­mil­leş­dir­mek; Gen­der ugur­ly sag­ly­gy go­raý­şy üp­jün et­mek; Bi­li­me deň­hu­kuk­ly el­ýe­ter­li­li­ge ýar­dam ber­mek; Aýal­lar we gyz­lar ba­ba­tyn­da gen­der zor­lu­gy­na gar­şy he­re­ket et­mek; Aýal­la­ryň we gyz­la­ryň yk­dy­sa­dy hu­kuk­la­ry­nyň we müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi; Äh­li de­re­je­ler­de, şol san­da sy­ýa­sy we jem­gy­ýet­çi­lik çy­gyr­la­ryn­da ze­nan­la­ryň gat­na­şy­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy; Gen­der deň­li­gi­ni gol­da­mak bo­ýun­ça ins­ti­tu­sio­nal me­ha­nizm­le­ri ber­kit­mek. Bu stra­te­gik çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, türk­men jem­gy­ýe­tin­dä­ki de­mok­ra­tik ösü­şi has-da çuň­laş­dyr­ma­ga, mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mä­ge, döw­le­tiň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy we me­de­ni dur­mu­şy­na ra­ýat­la­ryň iş­jeň gat­naş­ma­gy­na we ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň ber­ki­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.
Gen­der ba­bat­da deň­lik me­se­le­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Je­na­ýat, Ra­ýat, Zäh­met ko­deks­le­ri, Maş­ga­la ko­dek­si, «Ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak ha­kyn­da», «Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ha­kyn­da», «Bi­lim ha­kyn­da», «Adam söw­da­sy­na gar­şy gö­reş ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry we beý­le­ki bir­nä­çe ka­nun­lar bi­len düz­gün­leş­di­ril­ýär. Ýur­du­myz­da gen­der deň­li­gi­ni ga­zan­mak ba­ba­tyn­da, 2015-nji ýy­lyň 18-nji aw­gus­tyn­da «Aýal­la­ryň we er­kek­le­riň deň hu­kuk­la­ry­nyň we deň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň üp­jün edil­me­gi­niň döw­let ke­pil­lik­le­ri ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edil­di. Bu Ka­nu­nyň Türk­me­nis­tan­da gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­me­giň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de we bu ugur­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­me­gin­de uly äh­mi­ýe­ti bar. Şeý­le hem bu Ka­nun­da döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li çy­gyr­la­ryn­da ze­nan­la­ryň we er­kek­le­riň deň hu­kuk­la­ry­nyň we müm­kin­çi­lik­le­ri­niň üp­jün edil­me­gi­niň döw­let ke­pil­lik­le­ri­ni, ýag­ny gen­der deň­li­gi­ni bel­le­ýär.
Umu­man, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ka­bul edil­ýän hu­kuk na­ma­lar döw­le­ti­miz­de oňyn öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.

Ars­lan MÄM­ME­TO­RA­ZOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let, hu­kuk we de­mok­ra­ti­ýa ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gä­ri.