11-nji iýulda Bolgariýada geçirilen nobatdan daşary Parlament saýlawlarynda «Demokratik güýçler bileleşigi» bilen hyzmatdaşlykdaky GERB partiýasy ýene-de öňde barýar. Premýer-ministr Boýko Borisowyň ýolbaşçylygyndaky GERB partiýasyna saýlawçylaryň 24 göterimi ses berdi. Bolgariýanyň Merkezi saýlaw topary saýlawlaryň resmi netijelerini 18-nji iýula çenli yglan eder.
«Şeýle halk bar» partiýasy az aralyk bilen yza galyp, sesleriň 23 göterimine eýe boldy. Ondan soň «Bolgariýanyň sosialistik partiýasy» sesleriň 13,74 göterimine, «Demokratik Bolgariýa» 12,7 göterim sese eýe boldy. Bäşinji orny 10,33 göterim ses bilen «Hukuklar we azatlyklar hereketi» partiýasy eýeleýär. «Galkyn!» partiýasy bolsa, saýlawçylaryň 5,51 göterim sesine eýe boldy. Saýlawlara gatnaşyk 40 göterim töweregi bolup, gatnaşygyň ep-esli pesdigi habar berilýär. Aprel aýynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde bileleşen hökümeti döretmegiň başa barmandygy sebäpli Prezident Rumen Radew Parlamentiň işini ýatyrypdy.
4-nji aprelde geçirilen saýlawlarda dolandyryjy GERB partiýasy sesleriň 26,18 göterimini gazanyp, ýeňiş gazanypdy. Ikinji orny 17,66 göterim ses bilen «Şeýle halk bar» partiýasy eýeledi. Üçünji orny 15,01 göterim ses bilen «Bolgariýanyň sosialistik partiýasy» eýeledi. Mundan başga-da, «Demokratik Bolgariýa» partiýasy sesleriň 9,45 göterimine, «Hukuklar we azatlyklar hereketi» 10,49 göterimine we «Galkyn!» 4,72 göterimine eýe bolup, Parlamentden orun alypdylar. Ýöne hökümet döredip bilmediler.
Bolgariýa Parlament Respublikasy bolup, Milli ýygnak 240 deputatdan ybarat, olar dört ýyl möhlet bilen halk köpçüliginiň sesi arkaly saýlanýar. Saýlawçylaryň 4 göterimden gowragy ses berse, partiýa Parlamente girip bilýär.