Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary galan ýerinden dowam edýär. Ýewropa zolagynda käbir toparçalarda duşuşyklar tomusda başlapdy, käbir toparçalarda bolsa düýn badalga berildi.

“A” toparçada Germaniýanyň ýygyndysy myhmançylykda Slowakiýadan 2-0 utulyp, saýlama tapgyryna şowsuz başlady. Ýer eýelerine ýeňiş getiren gollary Hansko (42) bilen Streles (55) geçirdi. Toparçadaky beýleki duşuşykda Demirgazyk Irlandiýanyň ýygyndysy myhmançylykda Lýuksemburgy 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

“E” toparçada Ispaniýanyň ýygyndysyna myhmançylykda Bolgariýany ýeňmek kyn düşmedi. 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan matadorlaryň gollaryny Oýarzabal (5), Kukurelýa (30) hem-de Merino (38) derwezä girizdi. Gruziýa bilen Türkiýäniň arasyndaky oýunda çekeleşikli we dartgynly geçip, myhmanlar oýnuň soňky minutlarynda aljyraňňy ýagdaýa düşse-de, üstünligini saklamagy başardy. Mert Müldür (3) hem-de Kerem Aktürkoglunyň (41, 52) gollary bilen 3-0 öňe geçen türklerden Baryş Alper Ýylmaz gyzyl kart aldy. Dawitaşwiliniň (63) hem-de Kwarasheliýanyň (90+8) gollary gruzinler üçin ýeňşe ýetmedi.

“G” toparçada 5-nji tapgyryň oýunlary geçirilip, Niderlandlar bilen Polşanyň (Dumfris 28 – Keş 80) hem-de Litwa bilen Maltanyň (Gineifits 90+6 – Satariano 83) ýygyndylary 1-1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

“J” toparçada Belgiýanyň ýygyndysy myhmançylykda Lihtenşteýniň ýygyndysynyň derwezesinden jogapsyz 6 gol geçirdi. Gollary De Kuýper (29), Tilemans (46, 70 p), Tite (60), De Bruýne (62) hem-de Fofana (90+1) derwezä girizdi. Uelsiň ýygyndysy bolsa myhmançylykda Gazagystanyň milli toparyny Muruň 24-nji minutdaky ýeke-täk goly esasynda ýeňlişe sezewar etdi.