Dün­ýä­de ýo­ka­ry gan ba­sy­şy bo­lan 30 ýaş­dan ge­çen adam­la­ryň sa­ny soň­ky ýyl­larda iki es­se ar­typ­dyr, üs­te­si­ne-de ola­ryň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­nyň be­jer­gi al­man­dy­gy ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dyr. Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň (BSGG) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, gi­per­to­ni­ýa­nyň ne­ti­je­le­rin­den her ýyl, tak­my­nan, 8,5 mil­li­on adam ara­dan çyk­ýar. Bu nä­hoş­lu­ga uç­ran­la­ryň ýa­ry­na go­la­ýy­nyň öz­le­rin­de gi­per­to­ni­ýa­nyň bar­dy­gyn­dan ha­bar­la­ry­nyň ýok­du­gy­ bellenilýär.
Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da çi­lim çek­mek, al­ko­gol­ly iç­gi­le­ri iç­mek, hereketsizlik, nä­dog­ry iý­mit­len­mek, iý­mit­de du­zy aşa köp ulan­mak we ar­tyk­maç ag­ram ýa­ly ýa­ra­maz dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň hem-de ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň ýo­ka­ry ar­te­ri­al ba­sy­şy­na se­bäp bo­lup bil­jek­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Sag­dyn iý­mit­len­mek we fi­zi­ki taý­dan has iş­jeň bol­mak ýa­ly sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri gan ba­sy­şy­nyň pe­sel­me­gi­ne kö­mek edip bi­ler.
Bar­lag­la­ryň do­wa­myn­da dün­ýä­de 30-79 ýaş ara­ly­gyn­da­ky er­kek­le­riň we ze­nan­la­ryň üç­den bir bö­le­gin­de ýo­ka­ry gan ba­sy­şy­nyň bar­dy­gy anyk­lan­dy. Gi­per­to­ni­ýa­nyň esa­sy ala­ma­ty kel­la­gy­ry­dyr. Ol beý­ni­dä­ki gan da­mar­la­ry­nyň da­ral­ma­gy we gy­syl­ma­gy se­bäp­li ýü­ze çyk­ýar. BSGG-niň hü­när­men­le­ri ýo­ka­ry gan ba­sy­şy­nyň ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­ne, beý­ni we böw­rek ke­sel­le­ri­ne uç­ra­ma­gyň how­pu­ny ýo­kar­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny we dün­ýä­de ölü­miň esa­sy se­bäp­le­rin­den bi­ri­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Gi­per­to­ni­ýa­ny anyk­la­mak kyn däl. Mu­nuň üçin gan ba­sy­şy­ňy­zy yzy­gi­der­li öl­çe­mek ýe­ter­lik, mu­ny öý şert­le­rin­de hem edip bolýar. Ýü­re­giň çalt ur­ma­gy, gu­la­gyň şaň­la­ma­gy, umu­my gow­şak­lyk, gö­züň öňü­niň uç­ga­nak­la­ma­gy, ba­şyň aý­lan­ma­gy, uky­nyň bo­zul­ma­gy, kel­le­de güýç­li agy­ry duý­mak ýa­ly ýag­daý­lar gi­per­to­ni­ýa­nyň umu­my ala­mat­la­ry­dyr. BSGG gi­per­to­ni­ýa­nyň öňü­ni al­ma­ga kö­mek ed­ýän bir­nä­çe mas­la­hat­la­ry ber­ýär. Bu­lar duz we trans ýag­la­ry ka­bul et­me­gi azalt­ma­gy, al­ko­gol­ly iç­gi­ler­den we tem­mä­ki önüm­le­rin­den daş­da dur­ma­gy öz içi­ne al­ýar. Hü­när­men­ler iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­si­niň we sag­dyn iý­mit­len­me­giň ze­rur­dy­gy­ny hem nyg­ta­ýar­lar.

Gur­ban­gel­di Paş­şy­kow,
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.