Go­log­ram­ma teh­no­lo­gi­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da bar­ha meş­hur bol­ýan disp­leý esas­ly teh­no­lo­gi­ýa­nyň bir gör­nü­şi­dir. Köp san­ly dün­ýä ýyl­dy­zy­nyň go­log­ram­ma gör­nü­şi­niň peý­da bol­ma­gy onuň meş­hur­ly­gy­ny has-da art­dyr­dy. «Ho­lo» sö­zi «do­ly su­rat» we «gram» sö­zi «ýa­zy­lan» diý­me­gi aň­lad­ýar. Go­log­ram­ma la­zer şöh­le­le­ri­niň tol­kun­la­ry bi­len 3D şe­kil dö­ret­mek ar­ka­ly dö­re­dil­ýär. Bu şe­kil­ler ek­ran­lar­da-da gör­ke­zil­ýär. Bu teh­no­lo­gi­ýa­da asyl şe­kil­ler 3D gör­nü­şin­de la­zer tol­kun­la­ry ar­ka­ly gör­ke­zil­ýär. Go­log­ram­ma­da bel­li bir plat­for­ma­nyň üs­tün­de ha­ma­na he­re­ket ed­ýän ýa­ly bo­lup gö­rün­ýän şe­kil bol­ýar. Me­se­lem eger bir aý­dym­çy­nyň şe­ki­li go­log­ram­ma teh­no­lo­gi­ýa­sy­na ge­çi­ri­len­ bol­sa onuň,eli­ne mik­ro­fon alyp, ha­ma­na aý­dym aýd­ýan ýa­ly he­re­ke­ti­ne to­ma­şa edip bol­ýar. Ol şe­kil ada­myň ha­ky­ky ulu­ly­gyn­da bol­ýar. Ýag­ny ösen teh­no­lo­gi­ýa­nyň kö­me­gi bi­len dö­re­di­len ada­myň şe­ki­li üç öl­çeg­li, ýag­ny ha­ky­ky gör­nü­şin­de ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär.

Go­log­ram­ma teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ula­ny­lyş ge­ri­mi
Go­log­ram­ma şe­kil­le­ri­niň kö­me­gi bi­len bi­lim we ylym pu­da­gyn­da uly göz­leg­ler edil­ýär. Luk­man­çy­lyk pu­da­gyn­da ada­myň iç­ki or­gan­la­ry 3D gör­nü­şin­de jik­me-jik göz­den ge­çi­ri­lip, ke­sel­le­re has anyk çöz­güt­ler ta­pyl­ýar. Aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri 3D gör­nü­şin­de gör­ke­zip, onuň her bö­le­gi­ni jik­me-jik öw­re­nip bol­ýar. Bu usul di­ňe luk­man­çy­lyk ýa-da se­na­gat pu­da­gyn­da däl, eý­sem, yl­myň beý­le­ki ugur­la­ryn­da hem ta­ry­hy öw­ren­mek­de peý­da­ly bo­lar. My­sal üçin, di­no­zawr­la­ryň ulu­ly­gy­ny we he­re­ket­le­ri­ni go­log­ram­ma ar­ka­ly ha­ky­ka­ta go­laý edip gör­ke­zi­p bol­ýar.