Gonkongda Saud Arabystanynyň Al-Nasr klubynyň hüjümçisi we kapitany, futbolçy Kriştianu Ronaldo bagyşlanan Aziýada ilkinji muzeý açyldy. Muzeýde Ronaldonyň mumdan ýasalan şekili goýlup, bu ýere gelýänler onuň bilen surata düşüp bilerler. Şeýle hem, myhmanlar arhiw suratlaryny, futbolçynyň geýen köýneklerini we “Altyn top” we “Altyn butsy” ýaly käbir kuboklaryny görüp bilerler. Gonkongdaky Ronaldo bagyşlanan muzeý üçünji muzeýdir.