Nýu-Ýorkly Kelin Çang we Raýan Mazer şekilleri däl-de, goşgulary çap edýän täsin kamera döretdiler.
Şygyr ýazýan kameranyň ähli gurluşy sanlydyr. Kamera daş-töweregini üns bilen synlaýan linza bilen enjamlaşdyrylan we Antropik tarapyndan döredilen “Claudia 4” emeli aň ýerleşdirilen. Esasy zat goşgyny haýsy žanrda we temada isleýändigiňi belläp düwmä basmagyň ýeterlik.
Goşgy ýazýan kamera surata almaýar, ol diňe şekillerden goşgy çap edýär. Bu täsin kameranyň resmi web sahypasynda ony tapyjylar belleýärler.
Aslynda bu tehnologiýanyň aňrysynda öňden bar bolan “Raspberry Pi Zero 2W” we “Raspberry Pi Kamera Module 3” görnüşleriň gurluşlary bar. Galan zatlaryň hemmesi programma üpjünçiligi we açyk çeşme.
Kameranyň dolulygyna taýyn we özüň gurna ýaly iki görnüşleri bar. Hat-da doly taýyn görnüşi 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan 699 dollara satuwa çykarmak meýilleşdirilýär. Emma özüni elektronika bilen synag etmek isleýänler üçin bolsa, ähli zerur zatlary “GitHub” portalyndan aňsatlyk bilen onlaýn satyn alyp bolýandygy bellenilýär..
Kameranyň işlemegi üçin, onuň Wi-Fi toruna birikdirilmegi zerur. Tekstleri döredýän emeli aň internet tory bilen işleýär, şonuň üçin internet bolmasa, kamera goşgy ýazyp bilmeýär. Bu çäklendirmäni bilýän Nýu-Ýorkly oýlap tapyjylar enjamy düýbünden özbaşdak we baglanyşykdan garaşsyz etmek üçin tehniki çözgütleriň gözlegindediklerini aýtýarlar.