Il ara­syn­da «Gud­rat gör­seň, dag­la­ra bar» di­ýil­ýär. Ha­ky­kat­dan hem, dag­lar owa­dan te­bi­ga­ty, gur­lu­şy, jan­ly-jan­dar­la­ry we ösüm­lik dün­ýä­si bi­len tä­sin bir dün­ýä­ni eme­le ge­tir­ýär. Dag­la­ryň kert ga­ýa­la­ry, go­wak­la­ry we çyl­şy­rym­ly ýo­da­la­ry hem «be­ýik yma­rat­la­ryň» gud­rat­ly­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Şeý­le gud­rat­ly ýer­le­riň bi­ri hem dün­ýä­niň iň uly go­wak­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän «Phong Nha-Ke Bang» mil­li se­ýil­gä­hi­dir.

Wýet­na­myň iň köp ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan «Phong Nha-Ke Bang» mil­li se­ýil­gä­hi Ha­noý şä­he­ri­niň 500 ki­lo­metr gü­nor­ta­syn­da ýer­leş­ýär. 857 müň ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan bu se­ýil­gäh­de Truong Son dag­la­ryn­dan oýu­lyp eme­le ge­len 300-den gow­rak go­wak we çu­kur­lar bar. Se­ýil­gä­hiň ady «Phong Nha» go­wa­gyn­dan we «Ke Bang» to­ka­ýyn­dan emele gel­ýär.

«Phong Nha-Ke Bang» mil­li se­ýil­gä­hin­dä­ki go­wak­lar tä­sin gur­luş­la­ry bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. «Phong Nha» go­wa­gy­na ýa­gyş möw­sü­min­de ba­ryp bol­ma­ýar. Go­wa­ga ge­ze­lenç et­me­giň iň amat­ly wag­ty to­mus we güýz aý­la­ry ha­sap­lan­ýar. «Phong Nha»-dan baş­ga-da, «Son Doong», «Ti­en Duong», «Tu Lan», «Pyg­my», «En», «Kaya­king» we «Jen­net go­wa­gy» ýa­ly go­wak­lar se­ýil­gä­hiň meş­hur ýer­le­ri ha­sap­lan­ýar. Bu go­wak­la­ra do­ly aý­lan­mak üçin azyn­dan 4 gün ge­rek bol­ýar. Se­ýil­gäh­de myh­man­lar üçin ýö­ri­te ýol­be­let­ler bo­lup, 3-4 gün­lük eks­pe­di­si­ýa­lar gu­ral­ýar. Go­wak­la­ra dyr­maş­ma­ga, ýe­ras­ty der­ýa­lar­da ýüz­mä­ge we kä­bir ýe­rin­de öz­baş­dak ge­ze­lenç et­mä­ge rug­sat be­ril­ýär. Go­wak­la­ryň äh­li ýe­ri to­kaý bi­len ör­tü­len­di­gi se­bäp­li, ýe­kelikde ge­ze­lenç et­mek howp­ly ha­sap­lan­ýar.

2009-njy ýyl­da mil­li se­ýil­gä­hiň çä­gin­den «Son Doong» go­wa­gy ta­pyl­ýan­ça «Phong Nha» dün­ýä­dä­ki iň uly go­wak we ýe­ras­ty ga­le­re­ýa hök­mün­de ta­nal­ýar­dy. Uzyn­ly­gy 70 ki­lo­met­re ba­ra­bar bolan «Phong Nha» go­wa­gy­nyň için­den ýaz aý­la­ryn­da suw akyp geç­ýän­di­gi se­bäp­li, bu go­wak iň uzyn ýe­ras­ty der­ýa ady­ny hem gö­ter­ýär. «Son Doong» go­wa­gy­nyň be­ýik­li­gi 152 met­re, uzyn­ly­gy 9 ki­lo­met­re ýet­ýär. 2013-nji ýyl­da köp­çü­li­giň bar­ma­gy­na rug­sat ber­len bu go­wa­ga iki sa­ny de­şik­den Gün şöh­le­si düş­ýär. Go­wa­gyň düý­bün­de to­kaý bo­lup, tö­we­re­gin­den ýa­gyş suw­la­ry akyp geç­ýär. Go­wa­gyň için­de 90 metr be­ýik­lik­de di­wa­ra meň­zeş ga­ýa hem bar. «Son Doong» go­wa­gy dün­ýä­niň iň tä­sin we owa­dan ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.

«Phong Nha-Ke Bang» mil­li se­ýil­gä­hi­niň tö­we­re­gin­de oba­lar we myh­man­lar üçin gur­lan «Phong Nha» şä­her­çe­si bar. Te­bi­ga­ty söý­ýän­ler oba­lar­da ýa­tym­la­ýyn ga­lyp, öý haý­wan­la­ry­ny ided­ýär­ler. Şa­ly eki­len meý­dan­la­ra aý­la­nyp, oba dur­mu­şy bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ýar­lar. Sy­ýa­hat­çy­lar oba­da ho­raz­la­ryň se­si­ne oýa­nyp, Gü­nüň dog­şu­ny hem syn­lap bil­ýär­ler. «Phong Nha» şä­her­çe­sin­de gal­mak is­le­ýän sy­ýa­hat­çy­lar umu­my ýa­şa­ýyş ja­ýyn­da ýa-da der­ýa ke­na­ryn­da­ky myh­man­ha­na­lar­da bo­lup, gi­je­ki şü­we­leň­le­re gat­na­şyp bil­ýär­ler. Şä­her­çe­de ýer­li we Gün­ba­tar ta­gam­la­ry­ny taý­ýar­la­ýan ki­çi­jik maş­ga­la res­to­ran­la­ry hem bar.

Se­ýil­gäh­de go­wak­la­ra to­par­la­ýyn ge­ze­lenç­le­ri gu­ra­mak bi­len bir ha­tar­da, sport bi­len meş­gul­lan­ýan sy­ýa­hat­çy­lar üçin ýol­suz ýer­de mo­to­sikl, we­lo­si­ped sür­mek, Bong Lai jül­ge­sin­de we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç­ etmek, Çaý der­ýa­syn­da ga­ýyk sür­mek ýa­ly çä­re­ler hem gu­ral­ýar. «Phong Nha-Ke Bang» mil­li se­ýil­gä­hi­ne her ýyl 3 mil­li­on sy­ýa­hat­çy bar­ýar. 2003-nji ýyl­da «Phong Nha-Ke Bang» mil­li se­ýil­gä­hi

ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.