“Xiaomi” kompaniýasy göze dynç bermek üçin niýetlenen “Xiaomi Smart Massage Eye” atly modelini hödürledi. Bu häzirkizaman enjam köp wagtlap kompýuterde ýa-da smartfonda işleýän adamlar üçin niýetlenilendir. Ol 7 sany funksional zolak we 4 sany garaşsyz howa klapany bilen enjamlaşdyrylyp, gözüň töweregindäki 8 sany akupunktura nokadyna täsir edip, gözüň ýadawlygyny aýyrmaga ýardam berýär. Korpusyndaky düwmeler arkaly ýa-da “Mi Home” ykjam programmasynyň üsti bilen sazlap bolýan bu täze enjamda göz maşklaryny we myşsalary gowşadyp, gan aýlanyşygy gowulandyrýan ýyly ýapgy funksiýalary hem bar. Ondaky 800-den 1200 mAs çenli (modeline görä) sygymly akkumulýator takmynan, 2,5 sagada çenli yzygiderli işleýär. Zarýad bermek üçin döwrebap “USB Type-C” portundan peýdalanylýar. Hytaý bazarynda uly meşhurlyk gazanan bu massažoryň bahasy takmynan, 199 ýuan (25 ýewro töweregi) bolup, onuň dünýä bazaryna çykaryljak senesi barada aýdylmady. Muňa garamazdan, bu akylly enjam häzirki wagtda köp ýurtda onlaýn dükanlar arkaly alnyp başlanyldy.

Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.