Soňky ýyllarda Aziýa we Okeaniýa ýurtlaryndaky şäherler hem syýahatçylyk pudagynda öňdäki orunlary eýeleýär. Esasan, deňiz kenarlary bilen tanalýan bu owadan şäherlerde dynç almak bilen bir hatarda, täsin medeniýetler, däp-dessurlar bilen tanyşmak bolýar. Deňiz kenarlary bilen ýaşyl tebigatyň sazlaşygyndan emele gelen gözellikleri bilen görenleri haýran galdyrýan şeýle şäherleriň biri hem Oklenddir.
Täze Zelandiýanyň iň uly şäheri bolan Oklendiň tutýan meýdany 1 müň 86 inedördül kilometr bolup, bu şäherde ýurduň ilatynyň üçden bir bölegi ýaşaýar. Ýaşyl tebigaty, ýalpyldawuk döwrebap binalary we suw kenarlary bilen görenleri haýran galdyrýan bu şäherde 1,5 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Oklendde 53 sany sönen wulkan çukurlary bolup, şäher köpçüligiň arasynda ýaşyl wulkanlaryň meýdançasy bilen tanalýar. Şäheriň her ýerinde damja ýaly bolup görünýän ýaşyl meýdançalar Oklendiň gözelligini artdyrýar. Ýurduň Demirgazyk adasynda ýerleşýän bu şähere her ýyl 3 million töweregi syýahatçy barýar.
Oklende baran syýahatçylar ilki bilen «Viaduct Harbour» meýdançasyna baryp, ýadygärlik surata düşýärler. Şäheriň iň meşhur ýerleriniň sanawynda aýlanýan restorany we synlaýyş otaglary bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekýän «Sky Tower» binasy öňdäki orny eýeleýär. 328 metr beýiklikdäki bu bina Günorta ýarym şarda iň beýik gurluş bolup, her gün ortaça 1 müň 150 myhmany özüne çekýär. 1997-nji ýylda açylyp ulanmaga berlen syýahatçylyk we güýmenje merkezinde gözegçilik diňleri, restoran we kafeler, güýmenje toplumy, söwda dükanlary we dynç alyş otaglary ýerleşýär. Oklendde Waiheke we Rangitoto adalaryna bir günlük gezelençler hem guralýar. Adalara barýan syýahatçylar kitleri ýakyndan synlamaga mümkinçilik alýarlar. Deňiz kenaryndaky Waitakere dag gerşine çykyp, daş-töweregi synlamak hem aýratyn lezzet berýär. Şäheriň meşhur ýerleriniň hatarynda Waiheke adasy hem bar. Ýurduň üzümçilik baglarynyň mesgeni hasaplanýan bu ýerde deňiz kenarynda gezelenç edip, deňziň gözelligini we ýaşyl tebigaty synlap bolýar.