11-nji martda Grenlandiýada möhletinden öň geçirilen parlament saýlawlarynda merkezi sagçy partiýa “Demokraatit” (Demokratlar) garaşylmadyk ýagdaýda sesleriň köpüsine eýe boldy. Partiýalaryň hiç birisiniň parlamentdäki köplüge eýe bolup bilmändigi üçin, ýakyn wagtda koalisiýa gurmak baradaky gepleşikleri geçirmeli bolarlar.
-“Demokratlar” partiýalaryň ählisi bilen gepleşik geçirmäge taýýar we agzybirlik ugrunda tagalla edýärler – diýip, “Demokratlar” partiýasynyň 33 ýaşly Lideri Ýens-Frederik Nilsen belledi.
Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, sesler doly sanalandan soň, Grenlandiýanyň Garaşsyzlygy üçin tagalla edýän “Demokratlar” partiýasy sesleriň 29,9 göterimine eýe bolup, ýeňiş gazandy. Ondan soň 24,5% ses bilen Naleraq (“Pursat”) partiýasy gelýär. Partiýalaryň ikisi hem Garaşsyzlygy goldaýarlar, ýöne özgerişlikleriň wagty barada ylalaşmaýarlar.
-Biz saýlawlaryň netijelerine hormat goýýarys – diýip, 21,4% ses alan “Inuit Ataqatigiit” partiýasyna ýolbaşçylyk edýän häzirki Premýer-ministr Mute Egede aýtdy.