Konstantinos Tasoulas Gresiýanyň Prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Onuň ygtyýarlyk möhleti 5 ýyl bolar. 12-nji fewralda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan häkimiýet başyndaky “Täze Demokratiýa” konserwatiw partiýasynyň agzasy K. Tasoulas parlamentde kasam kabul edip, wezipesine girişdi. Parlamentiň öňki başlygy Tasoulas Gresiýanyň ilkinji zenan Prezidenti, şeýle-de ozal ýurduň ýokary administratiw kazyýetine ýolbaşçylyk eden Katerina Sakellaropulunyň ýerine geçdi.
-Men ähli grekleriň Prezidenti hökmünde Konstitusiýany, milli bitewiligi we grek halkynyň bähbitlerini goramak üçin ähli tagallalary ederin – diýip, Tasoulas Prezident diwanynda geçirilen kasam kabul edişlik dabarasynda aýtdy.
Konstantinos Tasulas 1959-njy ýylda doguldy we dürli wezipelerde işlän tejribeli syýasatçydyr. Ol 2007-nji ýylda goranmak ministriniň orunbasary, 2014-nji ýylda Medeniýet we sport ministri boldy. 2019-njy ýylda Gresiýanyň parlamentiniň başlygy wezipesine saýlanyp, soňra bu wezipä iki gezek gaýtadan saýlandy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Premýer-ministr Kiriakos Misotakis tarapyndan Prezident wezipesine hödürlenenden soň işinden çekildi.