22-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Mäh­ri Bä­şi­mo­wa iş sa­pa­ry bi­len Aş­ga­ba­da ge­len Gru­zi­ýa­nyň Par­la­men­ti­niň Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si bi­len Dost­luk to­pa­ry­nyň baş­ly­gy Da­wid Ma­ti­kaş­wi­li bi­len gep­le­şik­le­ri ge­çir­di.
Du­şu­şyk­da ta­rap­lar Türk­me­nis­tan bi­len Gru­zi­ýa­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.
Iki ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn esas­da du­şu­şyk­la­ry gu­ra­mak tej­ri­be­si­ni do­wam et­dir­me­giň äh­mi­ýe­ti be­ýan edil­di.
Ta­rap­lar par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň we Gru­zi­ýa­nyň par­la­ment­le­rin­de Par­la­men­ta­ra dost­luk to­par­la­ry­nyň he­re­ket ed­ýän­di­gi bel­le­nil­di.
Türk­men dip­lo­ma­ty Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-gru­zin hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry we iki ýur­duň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da­ky ge­ňeş­me­ler ýa­ly bar bo­lan gu­ral­la­ryň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu nuk­daý­na­zar­dan, ge­çen ýyl gol çe­ki­len 2023-2024-nji ýyl­lar üçin iki ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sy eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da­ky Mak­sat­na­ma ne­ti­je­li öza­ra gat­na­şyk­lar üçin esas bo­lup dur­ýar.
Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň we Gru­zi­ýa­nyň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň, hu­su­san-da, BMG-niň çäk­le­rin­de iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi nyg­tal­dy.