Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde Gülnäz Rozykulowanyň ýubileý sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
60 ýaşy bellenilýän suratkeş şahsy sergisinde 100-den gowrak eserini görkezdi. Suratkeşiň eserleri temalaryna görä birnäçe topara bölünýär, olaryň esasy bölegi ýurdumyzyň gözel tebigatyna bagyşlanýar.
Suratkeşiň «Gökdere», «Мardin», «Daglar» we beýleki eserlerinde tebigatyň gözelliklerini, taryhy ýadygärlikleri görmek bolýar. Şeýle hem suratkeşiň eserlerinde milli gymmatlyklarymyzy hem görmek bolýar. Şeýle hem Gülnäz hormat goýýan suratkeşleriniň we sazandalarynyň portret galereýasyny hem döretdi.
Olaryň arasynda keramikaçy Solmaz Muhammedowanyň we meşhur aýdym-saz mugallymy Garold Neýmarkyň portretleri aýratyn bellärliklidir.
Onuň Nury Halmämmedowyň «Aýgytly ädim» kinofilmine ýazan sazy atly eseri has-da täsirli bolupdyr.
Gülnäziň eserleriniň bölümlerinden biri hem milli natýurmortlardyr. Görkezilen işlere görä, Gülnäz Türkiýede, Müsürde, Pamirde bolup, şol ýerlere degişli suratlary hem döredipdir.