Ýewropa Bileleşigi ýurtlary tamamlanyp barýan ýylda Gün energiýasyna maýa goýumlaryny 47 göterim artdyryp, umumy önümçilik kuwwaty 41,4 gigawat/sagat bolan täze desgalary gurupdyr. Bu görkeziji 12,4 million öýi elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ýetýär. Merkezi edarasy Brýusselde ýerleşýän “SolarPower Europe” bileleşigi sebitde Gün energiýasyna degişli maglumatlary ýaýratdy. Maglumatda Bileleşige agza 27 ýurtda elektrik toruna 2022-nji ýylda 41,4 gigawat/sagatlyk täze energiýanyň goşulandygyny mälim etdi. Şeýle hem 2021-nji ýylda Günden alynýan elektrik energiýasynyň 28,1 gigawat/sagat artandygy mälim boldy. Şu ýylyň dowamynda Gün energiýa önümçiligi Germaniýa 7,9 gigawat/sagat, Ispaniýa 7,5 gigawat/sagat, Polşa 4,9 gigawat/sagat, Niderlandlar 4 gigawat/sagat we Fransiýa 2,7 gigawat/sagat artdyrypdyr. Şeýle hem hem Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Günden energiýa önümçilik mümkinçiliginiň 2021-nji ýylda jemi 167,5 gigawat/sagat, şu ýyl 208,9 gigawat/sagat bolandygy mälim edildi. Geljek ýyl bu görkezijiniň 262 gigawat/sagada ýetmegine garaşylýar.
Mähri Şamyradowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









