Gü­nüň da­şyn­dan pla­ne­ta­lar we as­man ji­sim­le­ri bel­li bir tiz­lik­de, öz or­bi­ta­la­ryn­da aý­lan­ýar­lar. Kä­bir uly pla­ne­ta­la­ryň hem da­şyn­dan aý­lan­ýan hem­ra­la­ry bol­ýar. Ýe­riň hem­ra­sy Aý. Iň uly pla­ne­ta bo­lan Ýu­pi­te­riň bol­sa, 79 hem­ra­sy bar. Hä­zi­re çen­li ola­ryň 53-si at­lan­dy­ryl­dy, 26-sy­na bol­sa, en­tek at be­ril­me­di. Ýu­pi­te­riň iň uly hem­ra­sy bo­lan Ga­ni­me­d Gü­ne iň ýa­kyn pla­ne­ta bo­lan Mer­ku­ri­den hem uly. Gün da­şyn­dan aý­lan­ýan pla­ne­ta­la­ryň we beý­le­ki as­man ji­sim­le­ri­niň mer­ke­zin­de ýer­le­şip, dar­tyş güý­ji se­bäp­li bu kos­mos ji­sim­le­ri­ni töwereginde sak­la­ýar. Mu­ňa Gün ul­ga­my di­ýil­ýär. Kos­mos gi­ňiş­li­gin­de mer­ke­zi ýyl­dy­zyň tö­we­re­gin­den aý­lan­ýan pla­ne­ta­la­ryň baş­ga ul­gam­la­ry hem örän köp. As­lyn­dan Gün hem ýyl­dyz ha­sap­lan­ýar.
Eý­sem, Gün şol bir du­ran ýe­rin­de dur­ýar­my­ka? Ýok. Gün öz ul­ga­myn­da­ky pla­ne­ta­lar bi­len bi­le­lik­de Ak­ma­ýa­nyň ýoly ga­lak­ti­ka­sy­nyň mer­ke­zi­niň da­şyn­dan aý­lan­ýar. Ak­ma­ýa­nyň ýo­ly ga­lak­ti­ka­sy ýyl­dyz ul­gam­la­ryn­dan we äpet gaz bu­lut­la­ryn­dan eme­le ge­lip, onuň için­de 100 mil­liard tö­we­re­gi ýyl­dyz bar. Gün ul­ga­my äh­li pla­ne­ta­la­ry bi­len bi­le­lik­de bu äpet ul­ga­myň için­de sa­gat­da 800 müň ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýär. Gün ul­ga­my ga­lak­ti­ka­nyň mer­ke­zi­niň da­şyn­da­ky aý­la­wy­ny 230 mil­li­on ýylda ta­mam­la­ýar. Ast­ro­nom­lar Gü­nüň 5 mil­liard ýyl ozal, eme­le ge­len­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Bu bol­sa Gün ul­ga­my­nyň dö­rä­li bä­ri 20 ge­zek aý­la­nan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Ga­lak­ti­ka­my­zyň dia­met­ri­niň uzyn­ly­gy­nyň 100 müň ýag­ty­lyk ýy­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ga­lak­ti­ka­nyň mer­ke­zin­dä­ki ýyl­dyz­lar has gür bo­lup, mer­kez­den uzak­la­şyl­dy­gy­ça seý­rek­leş­ýär. Edil Gü­nüň beý­le­ki pla­ne­ta­la­ry öz tö­we­re­gin­de dar­tyş güý­ji se­bäp­li sak­laý­şy ýa­ly, Ak­ma­ýa­nyň ýo­ly ga­lak­ti­ka­sy hem ýyl­dyz ul­gam­la­ry­ny şol bir or­bi­ta­da sak­la­ýar.