Soň­ky ýyl­lar­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da Gün­den we ýel­den alyn­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň muk­da­ry re­kord de­re­je­de art­dy. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Is­pa­ni­ýa elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 35 gö­te­ri­mi­ni, Ita­li­ýa 20 gö­te­ri­mi­ni, Pol­şa 17 gö­te­ri­mi­ni we Fran­si­ýa 14 gö­te­ri­mi­ni ýel­den we Gün­den ön­dür­ýär. Mer­ke­zi eda­ra­sy Lon­don­dan ýer­leş­ýän E3G we “Em­ber” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň taý­ýar­lan mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ge­çen ýy­lyň mart-sent­ýabr aý­la­ry ara­ly­gyn­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de aras­sa çeş­me­ler­den alyn­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň möç­be­ri 21 gö­te­rim bo­lan bol­sa, bu ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de 24 gö­te­ri­me ýe­tip­dir. Al­ter­na­tiw çeş­me­ler­den ön­dü­ri­len ener­gi­ýa­nyň umu­my möç­be­ri 345 te­ra­wat/sa­gat bo­lup­dyr. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýyl­da­ky­dan 39 te­ra­wat/sa­gat köp bo­lup­dyr.
De­giş­li dö­wür­de Ýew­ro­pa gaz im­por­ty üçin 82 mil­liard ýew­ro sarp edip­dir. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň te­bi­gy gaz­dan al­ny­şy 20 gö­te­rim bo­lup­dyr.

Jew­ra­ýyl­mu­ham­met Beg­ja­now, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by