2-nji sentýabrda Hindistanyň “Polar Satellite Launch Vehicle” (PSLV) raketa göterijisi Güni öwrenmek maksady bilen “Aditya-L1” kosmos stansiýasyny elliptik Ýer orbitasyna üstünlikli çykardy. Uçuş Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy tarapyndan ýaýlyma berildi. Raketa Şriharikota adasynda ýerleşýän Satişa Dhawana adyndaky kosmos merkeziniň uçuş meýdançasyndan asmana göterildi.
“Aditya-L1” stansiýasyny Ýerden 1,5 million kilometr uzaklykdaky Gün-Ýer ulgamynyň Lagranža L1 nokadynyň töweregindäki galo-orbitasyna çykarmak meýilleşdirilýär. Guramanyň maglumatlaryna görä, enjam öz hereketlendirijilerini işletmek arkaly birnäçe hereketleriň netijesinde dört aýdan meýilleşdirilýän orbita çykar.
Dürli peýdaly ýük bilen enjamlaşdyrylan obserwatoriýa magnit meýdanlaryny we elektromagnit bölejikleri anyklamak üçin enjamlaryň, spektrometrleriň we koronograflaryň kömegi bilen Günüň fotosferasyny we hromosferasyny, şeýle-de onuň ýokarky gatlagyny – Gün aýtymyny öwrener.
Alymlar Gün aýtymyndan koronal madda zyňyndylarynyň we Gündäki partlamalaryň sebäplerine düşünmäge hem-de kosmos howasyny we L1 nokadynyň töweregindäki magnit meýdanyny öwrenmäge ýardam berjek täze maglumatlary almaga bil baglaýarlar.