Londonda “Buker” baýragynyň emin agzalary bu ýylky baýragyň eýesiniň adyny mälim etdi. Baýraga “Wada” (The Promise) romanynyň awtory Günorta Afrikaly ýazyjy Deýmon Gelgut mynasyp boldy.
Kitapda Günorta Afrikada aparteidden soň Niderlandlardan göçüp gelenleriň nesilleri bolan akýagyz maşgalanyň durmuşy barada gürrüň berilýär. Bu ýazyjynyň dokuzynjy eseri. Emin agzalary ýazyjynyň eserini “Folkneriň artykmaçlygy we Nabokowyň takyklygy bilen deňeşdirip, awtoryň adaty bolmadyk beýan ediş usulynyň XXI asyrda hiç kimi biparh goýmaýandygyny tassykladylar.
-Ýer-ýurt meselesi, ol kime degişli bolupdyr, ozal kim oňa eýeçilik edipdir, geljekde kim eýeçilik eder, bu tema häzirki wagtda Günorta Afrikanyň syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe – diýip, awtor öz eseri barada gürrüň berdi.
57 ýaşly Deýmon Gelgut ozal iki gezek – 2003 we 2010-njy ýyllarda “Buker” baýragynyň gysga sanawyna girizilipdi. Ýeňiji 50 müň funt sterling bilen sylaglanar.
Geçen ýyl bu abraýly baýraga şotlandiýaly ýazyjy Duglas Stýuart “Shuggie Bain” romany üçin mynasyp bolupdy.