“Boeing” kompaniýasy Hindistanda we Günorta Aziýada ýurtlarynda täjirçilik maksatly uçarlaryň sanynyň geljek 20 ýylyň dowamynda dört esse golaý artjakdygyny mälim etdi. Soňky 10 ýylda hasaba alnan yzygiderli ösüş, howa gatnawyndaky artyş we uçarlara bolan islegiň ýokarlanmagyň şeýle ösüşe sebäp bolar. “Boeing”-iň çaklamasyna görä, 2043-nji ýyla çenli awiakompaniýalara 2 müň 835 täze uçar gowşurylar. Bir koridorly uçarlara bolan isleg has ýokary bolar.
Aziýaly awiakompaniýalar, esasan, Hindistan bilen Demirgazyk Amerikanyň arasyndaky gatnawlar üçin “787 Dreamliner” we “777X” ýaly modelleri ulanarlar. Soňky 10 ýyl bu aralykdaky howa gatnawy iki esse artypdyr.
Maglumatda ýük uçar flotynyň hem artýandygy bellenilýär. Degişli döwürde ýük uçarlarynyň sany 5 esse köpeler. Bu ösüşe agzalýan sebitiň global üpjünçilik zynjyrlary, ýokary derejeli önümçilik we elektron söwda pudagynyň ösmeginiň täsirli boljakdygy bellenilýär.
Täjirçilik maksatly uçar flotynyň artmagy bu pudakdaky işgärleriň sanynyň hem artmagyna getirer. Awiasiýa pudagynyň işgärleriniň sany dört esse artyp, 129 müňe ýeter. Günorta Aziýa dünýäde awiasiýa pudagynyň iň köp ösen ýeri bolar.