Günorta Koreýa içerki sarp edilişi artdyrmak üçin ähli raýatlaryna 150 müň won nagt pul paýlar. Kömek maksatnamasynyň çäklerinde paýlanjak pul bilen ýurduň ykdysady işjeňliginiň artdyrylmagy maksat edinilýär. “Korea Herald” neşiriniň habaryna görä, bu başlangyç Milli parlamentde tassyklanan 31,8 trillion wonluk (23,3 milliard dollar) goşmaça býujetiň bir bölegini emele getirýär. Maksatnama 21-nji iýuldan 12-nji sentýabr aralygynda geçiriler.
18-nji iýundan başlap Günorta Koreýada ýaşaýan ähli raýatlara bir gezeklik 150 müň won (110 dollar töweregi) pul geçiriler. Pul serişdesi karz we bank kartlaryna ýa-da ýerli häkimiýetler tarapyndan berilýän sowgatlar çekler görnüşinde raýatlara ýetiriler. Mundan başga-da has pes girdejililere goşmaça kömek berler. Goşmaça kömek garyplyk çägine ýakyn maşgalalara, ene-atalardan biri ýok maşgalalara 300 müň won (220 dollar), durmuş kömegi alýan maşgalalar 400 müň won (290 dollar) tölener. Şäherden uzakda ýaşaýanlara bolsa, sebitleýin ösüşi deňagramlylaşdyrmak maksady bilen goşmaça 50 müň won beriljekdigi mälim edildi.
Maksatnamanyň ikinji tapgyry bolsa, 22-nji sentýabr bilen 31-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Ikinji tapgyrda girdejisi iň pes gatlaga 100 müň won (73 dollar) goşmaça pul kömegi berler.