3-nji iýunda Koreýa Respublikasynda nobatdan daşary Prezident saýlawlary geçiriler. Bu barada “Yonhap” habarlar gullugy hökümet çeşmelerine salgylanyp habar berdi. Şeýlelikde, Günorta Koreýada wezipesinden çekilen Prezident Ýun Sok Ýoluň mirasdüşerini kesgitlemek üçin täze Prezident saýlawlaryny geçirilýär.
Ýatlanyp geçilen senäniň Prezidentiň wezipesini ýerine ýetirýän Premýer-ministr Han Dok Sunuň ýolbaşçylygyndaky Ministrler Kabinetiniň maslahatynda tassyklanmagyna garaşylýar. Konstitusiýa kazyýetiniň kararyndan soň, ýurt 60 günüň içinde möhletinden Prezident saýlawlaryny geçirmeli. Eger-de sene tassyklansa, saýlaw senenamasyna laýyklykda dalaşgärler 11-nji maýdan gijä galman arzalary tabşyrmaly we saýlaw kampaniýasy 12-nji maýda başlar. Täze Prezident 3-nji iýunda geçiriljek saýlawlardan soň wezipesine girişer.