Ispaniýanyň günortasyndaky kert gaýanyň ýüzündäki gowakda gurlan maslykçynyň höwürtgesinde 750 ýyl ozal ýasalan aýakgap tapyldy. Ispaniýanyň Milli barlaglar geňeşiniň (CSIC) Pirene Ekologiýa institutynyň ylmy işgäri Antoni Margalida we onuň ýolbaşçylyk edýän topary bu barada “Ecology” žurnalynda makala çap etdiler. Makalada bu guşlaryň şol bir gowakdaky uzak ýyllaryň dowamynda ýaşaýandygy bellenilýär. Bu guşlar dag gerişlerindäki köweklere ot, şaha we adamyň ýasan zatlaryny eltýärler. Bu eltilen zatlar ýyllaryň dowamynda galyň gatlagy emele getirýär.
Höwürtgede tapylan zatlaryň 9 göterimini adamyň ýasan zatlary emele getiripdir. Olaryň arasynda deri bölekleri, mata, bir arbalet oky we gündelik durmuşda ulanylýan zatlar tapylypdyr. Olaryň arasynda 1275-nji ýyl bilen senelenýän abat saklanyp galan dokalan aýakgap hem bar. Şol höwürtgede gyzyl reňke boýalan goýun derisiniň bölegi hem tapyldy. Ol galyndynyň 726 ýyllykdygy mälim edildi.