Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow 30-njy noýabrda Žogorku Keneşiň (Mejlis) agzalary üçin möhletinden öňki saýlawlary geçirmek baradaky karara gol çekdi. Degişli karar döwlet Baştutanynyň resmi web sahypasynda çap edildi. Resminama laýyklykda, saýlawlar we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi komissiýa uzak aralykdan ses bermek ulgamyny ulanyp, ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, ses bermegi guramak tabşyryldy.
Hökümet saýlawlary maliýeleşdirmegi üpjün eder we jemgyýetçilik tertibini goramak we raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça çäreleri görer. Şeýle hem Ministrler Kabinetine saýlawçylaryň sanawyny düzmek üçin Ilatyň bitewi döwlet sanawynyň maglumatlaryny takyklamak, onlaýn düzgünde tanamak ulgamyny kämilleşdirmek we ygtybarly kiber goragy üpjün etmek tabşyryldy. Aýratyn maddalarda hökümetiň ses berişlik we saýlawçylary kesgitleýän enjamlaryň ygtybarly saklanmagyny kepillendirmek borjy göz öňünde tutulýar.
Ýatlap geçsek 25-nji sentýabrda Žogorku Keneşiň ýedinji çagyryşynyň deputatlary parlamentiň işini ýatyrmak kararyna geldiler. Konstitusiýa laýyklykda, Prezident bäş günüň içinde möhletinden öňki saýlawlaryň senesini kesgitlemeli.
Noýabr aýynda geçiriljek ses berişlik Sadyr Žaparowyň iýun aýynda gol çeken Konstitusiýon kanunynda göz öňünde tutulan täze ulgamda geçiriler. Gyrgyzystanda 30 sany köp mandatly saýlaw okrugy döredilip, olaryň her biri üç deputat saýlar. Her saýlaw okrugynda bir orun, zenan dalaşgär üçin bölünip berler we parlamentde, azyndan, 30 zenanyň bolmagy kepillendirilýär.
Ondan öň Sadyr Žaparow täze ulgamy “gyrgyz halky üçin oňaýly mümkinçilik” diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, täze ulgamyň raýatlara has köp saýlaw azatlygyny berjekdigini we deputatlary saýlawçylaryň öňünde borçly etjekdigini aýtdy.