Gyrgyzystanyň gurluşyk pudagynda önümçiligiň möçberiniň soňky 6 ýylda sekiz esse artandygy barada Respublikanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy, Gyrgyzystanyň Prezidentiniň edarasynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew Gurluşyk, binagärlik we ýaşaýyş jaý-kommunal hojalyk ministrliginiň ýolbaşçy düzüminiň mejlisinde habar berdi.
Onuň sözlerine görä, ýurduň gurluşyk pudagy durnukly oňyn ösüş görkezmek bilen, milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 2025-nji ýylda bu pudagyň önümçilik möçberleri 438,5 milliard soma (ABŞ-nyň 5 milliard dollarynda gowrak) ýetdi. 2019-njy ýylda bolsa bu görkeziji 58,5 milliard soma deň bolupdy. “Şeýlelikde, pudak alty ýylda sekiz esse ösdi” diýip, Kasymaliýew nygtady.
2021-nji ýylda döwletiň gurluşyk pudagyna 170 milliard somdan gowrak serişde goýbermegi rekord derejedäki ösüş görkezijilerini gazanmaga hem-de 936 sany durmuş ähmiýetli binalaryň gurluşyklaryny tamamlamaga mümkinçilik berdi.
Esasy Dünýä täzelikleri Gyrgyzystanyň gurluşyk pudagynda önümçiligiň möçberi 6 ýylda sekiz esse artdy
PDF









