Gyş paslynda howa şertleriniň üýtgemegi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek işine aýratyn jogapkärçilik ýükleýär. Gar ýagmagy, ýollaryň sürçek we ümürli bolmagy ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmak howpuny artdyrýar. Şeýle ýagdaýlarda ýol hereketini kadaly we howpsuz ýagdaýda guramak Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy gyş paslynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýol hereketine gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar. Bu çäreleriň çäginde ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýyna, aýratyn-da, ähli ulgamynyň sazlygyna, dolandyryş ulgamynyň işleýşine, yşyklandyryş enjamlarynyň doly we dogry işlemegine, şeýle hem gyşky tekerleriň ulanylmagyna yzygiderli gözegçilik edilýär.
Şeýle-de ýol gözegçilik gullugy tarapyndan sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý ediş derejesine aýratyn üns berilýär. Howa şertlerine laýyk gelýän tizlik bilen sürmek, ulaglaryň arasynda howpsuz aralygy saklamak, öňünden duýduryş berýän ýol belgilerine we çyzyklara eýermek sürüjiler üçin hökmany talaplar hökmünde düşündirilýär. Bu ugurda polisiýa işgärleri tarapyndan düşündiriş, wagyz-nesihat we öňüni alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Gyş paslynda pyýadalaryň ýol geçelgelerinden peýdalanmagy, ýol yşyklarynyň talaplaryny berjaý etmegi boýunça düşündiriş işleri alnyp barylýar. Bu çäreler pyýadalaryň gatnaşmagynda ýüze çykýan ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga ýardam edýär.
Mundan başga-da, ýol gözegçilik gullugy degişli gulluklar bilen hyzmatdaşlykda ýollaryň ýagdaýyna gözegçilik edýär, howply bölekler barada degişli edaralara maglumat berýär we zerur bolan halatynda degişli işleri geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrýar. Şeýle hyzmatdaşlyk ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Netijede, gyş paslynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň bilelikdäki jogapkärçiligi bolup durýar. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy bu ugurda kanunçylykda bellenilen borçlaryny yhlas bilen ýerine ýetirip, ýol-ulag hadysalarynyň sanyny azaltmaga, ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de ýol hereketiniň medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýar.
Hakberdi REJEPOW,
Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrap polisiýa bölüminiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
PDF









