Türk­men ge­lin-gyz­la­ry­nyň gö­zel­li­gi­ne gö­zel­lik goş­ýan, us­sat zer­gä­riň us­sa­ha­na­syn­da sün­nä­le­nen şaý-sep­le­riň mil­li gym­mat­lyk de­re­je­si­ne ýe­ten­di­gi­ni bü­tin dün­ýä yk­rar ed­ýär. Ola­ryň bi­ri-bi­ri­ne meň­ze­me­ýän dö­re­ýiş, ýa­sa­lyş, ula­nyş ta­ry­hy türk­men hal­ky­nyň ir­ki dö­wür­le­rin­den bä­ri is­len­dik gym­mat­ly­gy es­te­tik taý­dan us­sat­lyk bi­len gör­ke­zip bil­mek ba­şar­jaň­ly­gyn­dan ha­bar ber­ýär.
XIX-XX asyr­lar­da kü­müş­çi­ler türk­men ze­nan­la­ryň di­ňe bir bo­ýun­la­ry­ny we egin­baş­la­ry­ny şaý-sep­ler bi­len be­ze­män, eý­sem, ola­ryň baş­gap­la­ry­ny hem kü­müş şaý­lar bi­len zy­nat­lap­dyr­lar.
Bu to­pa­ra de­giş­li mil­li be­zeg şaý-sep­ler tä­sin, öz­bo­luş­ly we köp gör­nüş­li bo­lup, olar, esa­san, ge­lin-gyz­la­ryň baş­gap­la­ry­ny be­zäp­dir. Zer­gär­ler şeý­le şaý-sep­le­ri ýa­san­la­ryn­da, hök­ma­ny su­rat­da ýaş aý­ra­tyn­ly­gy­ny göz öňün­de tu­tup­dyr­lar. Ýag­ny ge­lin­ler baş­gap­la­ry­na maň­laý­lyk şaý­la­ry­ny da­ky­nan bol­sa­lar ýaş gyz­lar tah­ýa­la­ry­ny be­ze­ýän şaý­la­ryň bir­nä­çe gör­nüş­le­ri­ni da­ky­nyp­dyr­lar. Gyz­la­ryň tah­ýa­la­ry­na gup­ba, çe­ke­lik, ýeň­se­lik, şa­kä­kil, te­ne­çir, süm­sü­le, alyn­şaý, ak­dyr­ma ýa­ly şaý-sep­ler da­kyp­dyr­lar. Şol be­zeg­le­riň äh­li­si kü­müş­den ýa­sa­lyp, ola­ryň iň naý­ba­şy­sy gup­ba şa­ýy­dyr.
Türk­men­ler­de dört, bäş ýaş­ly gyz­ja­gaz­la­ryň tah­ýa­sy­na her hi­li kü­müş­den as­ma­lar, dür­li kü­müş teň­ňe­ler, şa­ýy­lyk­lar, düw­me­ler, mon­juk­lar, tu­mar­lar, do­ga­jyk­lar ýa­ly şaý­lar da­ky­lyp­dyr. Şeý­le be­zeg­li tah­ýa­la­ra ene-ma­ma­la­ry­myz «kü­müş­li bö­rük» di­ýip­dir­ler. Owa­dan keş­de­le­nen we kü­müş şaý­lar da­ky­lan tah­ýa­lar gyz­la­ryň toý-da­ba­ra­la­ra ge­ýil­ýän ly­bas­la­ry­nyň bir bö­le­gi bo­lup­dyr.
Gyz­lar gup­ba­ny ça­ga­lyk­dan baş­lap, tä dur­mu­şa çyk­ýan­ça­lar da­ky­nyp­dyr­lar. Gyz­ja­gaz­lar üç-dört ýa­şy­na ýe­ten­le­rin­de, ola­ryň tah­ýa­la­ry­nyň de­pe­si­ne gup­ba­nyň şel­pe­siz, ýö­ne­keý gör­nü­şi­ni da­kyp­dyr­lar. Gyz­lar ýe­di-se­kiz ýa­şy­na ýe­ten­le­rin­de bir gat şel­pe­li gup­ba da­ky­nyp­dyr­lar.
Gyz­lar hiç hi­li şel­pe­le­ri bol­ma­dyk gup­ba­lar­dan baş­lap, iki gat­ly, kä­ha­lat­lar­da üç gat­ly gup­ba­la­ry tah­ýa­la­ry­na da­kyp­dyr­lar.
Üç gat­ly gup­ba­la­ra «agyr» gup­ba diý­lip­dir, bu­lar ýa­ly gup­ba­lar tah­ýa­nyň aşak ete­gin­den baş­lan­ýar. Agyr gup­ba­nyň aşa­ky bö­le­gi­ne «etek», ikin­ji ga­ty­na «or­ta» diý­lip, iň ýo­kar­ky bö­le­gi­ne «gup­ba» ýa-da «de­pe» diý­lip­dir. Agyr gup­ba­nyň or­ta bö­le­gi ýo­kar­ky gup­ba bi­len aşa­ky ete­gi­ni bi­rik­di­ri­ji bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu bö­lek aýak­la­ry­ny jüp­läp, eli bi­len gup­ba­ny de­pe­sin­de gö­ter­ýän gy­za ça­lym ed­ýär. Agyr gup­ba­nyň or­ta bö­le­gi bir­nä­çe ha­kyk da­şy bi­len be­ze­lip­dir.
Agyr gup­ba­nyň etek şel­pe­le­ri gyz ýö­rän wag­tyn­da tä­sin owaz­ly ses­le­nip, onuň süň­ňü­ne öz­bo­luş­ly tä­sir edi­lip­dir. Halk ara­syn­da gup­ba­ly gyz özü­ni he­mi­şe «süň­ňi ýe­ňil» du­ýar­myş di­ýil­ýär. Bu bol­sa gyz işeň­ňir­li­gi­ne tä­sir ed­ýär di­ýen gür­rüň­le­riň şa­ýa­dy­dyr.
Ir­ki dö­wür­ler­de gup­ba­lar gyz­la­ryň öz­le­ri ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­la­ry hem be­rip­dir. Kä­wagt gyz­la­ryň gup­ba­sy­nyň güm­me­zi­ne hü­wi­niň ýe­lek­le­ri­ni «ota­ga» hök­mün­de ber­ki­dip­dir­ler. Geç­miş­de gy­zyň gup­ba­sy­na gys­dy­ryl­ýan be­ze­ge kar­ka­ra-da diý­lip­dir. Gyz­lar ge­lin­lik bel­le­nen­den soň bol­sa, gup­ba­nyň de­pe­si­ne la­çy­nyň owa­dan ýe­le­gi­ni hem otur­dyp­dyr­lar. Bu ota­ga­nyň otur­dyl­ma­gy gy­zyň ge­lin­lik bel­le­nen­di­gi­ni ha­bar be­rip­dir. Bu ýe­lek­ler gyz dur­mu­şa çyk­ýan­ça gup­ba­dan aý­ryl­man­dyr.
Gyz maş­ga­la­nyň ba­şy­nyň tä­ji ha­sap­lan­ýan gup­ba­la­ryň ara­syn­da ak gup­ba hem bar. Ol, esa­san, toý gü­nün­de da­kyl­ýar. Şo­nuň üçin oňa «toý gup­ba­sy» hem di­ýil­ýär. Gup­ba­nyň bu gör­nü­şi­niň ýü­zi gaş­syz, na­gyş­syz bo­lup, ol sap kü­müş­den ýü­zi ha­şam­syz, ýö­ne­keý­je ýa­sa­lyp­dyr.
Türk­men hal­ky­myz­da gup­ba bi­len bag­la­ny­şyk­ly geç­miş­den mi­ras ga­lan we bi­ziň şu gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­ten däp-des­sur­lar hem bar. Şol däp­le­riň bi­ri-de, tä­ze gel­niň ba­şyn­dan aý­ry­lan gup­ba­ny il­ki bi­len bal­dy­zy­na ber­mek dä­bi­dir. Türk­men maş­ga­la­syn­da ene-ma­ma­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan gup­ba­ny: «Ma­ňa-da şu gup­ba ejem­den ga­lan sow­gat, men hem öz ge­ze­gim­de sa­ňa ber­ýä­rin. Toý­da da­kyn­mak ne­sip et­sin! Sen hem wag­ty ge­len­de gyz per­zen­di­ňe sow­gat be­rer­siň» di­ýip, dur­mu­şa çy­kar­ýan gy­zy­na sow­gat ber­ýän­le­ri-de bar.
Türk­men şaý-sep­le­ri türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň, ta­ry­hy­nyň gy­zyk­ly hem baý sa­hy­pa­la­ry­ny aç­ýan ga­dy­my hem mü­di­mi se­net­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň he­mi­şe­lik ser­gi zal­la­ryn­da we gaz­na­syn­da ХIХ-ХХ asyr­la­ra mah­sus bo­lan şaý-sep­le­riň top­lu­my sak­lan­ýar, go­ral­ýar we yl­my taý­dan öw­re­nil­ýär. Şeý­le go­ra­lyp sak­lan­ýan şaý-sep­le­riň ha­ta­ryn­da gyz­la­ryň tah­ýa­la­ry­na da­ky­nyl­ýan be­zeg şaý­la­ry, gup­ba­la­ry aýt­mak bo­lar. Bu şaý-sep­ler gör­nü­şi, da­ky­lyş usul­la­ry, se­bit aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­ýun­ça ta­pa­wut­lan­ýar. Şaý­la­ryň äh­li­si özü­niň owa­dan­ly­gy, aja­ýyp­ly­gy bi­len hä­si­ýet­len­ýär. Bu me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň ýi­tip git­mez­li­gi üçin uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Me­de­ni mi­ra­sy­myz di­ňe türk­men hal­ky üçin däl, eý­sem, dün­ýä halk­la­ry üçin hem ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk­lar­dyr.

Ak­bi­ke JU­MA­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň esa­sy hü­när­me­ni.