Täsinliklere baý Afrika yklymynda ýyrtyjylaryň, uly süýdemdirijileriň we beýleki jandarlaryň dürli görnüşleri ýaşaýar. Afrikadaky haýran galdyryjy täsinlikleriň biri hem gyzgylt köl hasaplanýar. Suwunyň düzümi we reňki bilen tapawutlanýan bu köl görenleri haýran galdyrýar. Tanzaniýanyň Aruşa sebitiniň demirgazygyndaky Beýik Rift jülgesinde ýerleşýän gyzgylt köl dünýädäki iň zäherli kölleriň biri hasaplanýar. Uzynlygy 57 kilometre, ini 22 kilometre barabar bolan Natron kölüniň suwunyň temperaturasy hemişe 40 derejeden ýokarda saklanýar. «Ýyly köl» hem diýilýän Natron köli ýalpak suwly bolup, iň çuň ýeri 3 metre ýetýär. Kölüň gyzyl reňki «halofiller» atly mikroorganizmlerden emele gelipdir.
Alymlaryň bellemegine görä, wulkan basseýninde ýagyş suwunyň toplanmagy hem-de ownuk derýalaryň suwuny guýmagy netijesinde Natron köli emele gelipdir. Gyzyl köl suwuny başga derýa ýa-da deňze guýmaýar. Bu köl ýata suwly häsiýete eýedir. Kölüň adyndaky natron maddasy gadymy müsürlileriň mumyýa etmek üçin ulanan mineral duzudyr. Howply hasaplanýan bu kölde hiç hili janly-jandar ýaşamaýar. Guşlardyr süýrenijiler ýalňyşyp kölüň töweregine baran ýagdaýynda gurap, heýkele öwrülýär.
Aşgarly suwunyň bardygyna garamazdan, Natron kölündäki süýji suwly batgalyklarda flamingolar (gülgün gaz) ýaşaýar. Ýer ýüzündäki flamingolaryň 75 göterimi gyzgylt kölde duş gelýär. Gülgüne guşlar tilapiýa balygy hem-de suwotular bilen iýmitlenýär. Natron kölünde balyklaryň endemik görnüşi bolan alkolapiýa duş gelmek bolýar. Gülgün guşlar bilen bezelen gyzgylt köl dünýäniň iň täsin ýerleriniň biri hasaplanýar. Natron köli Bütindünýä tebigat gaznasy tarapyndan ykrar edilen goralýan çäkleriň biridir.
PDF








