11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipelere garaldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi.

Ýur­du­my­zyň içe­ri hem-de da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny wa­gyz et­mek­de, jem­gy­ýe­tiň de­mok­ra­tik esas­la­ry­ny, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da mil­li par­la­men­tiň we­kil­le­ri­ne, ola­ryň alyp bar­ýan iş­le­ri­ne mö­hüm orun de­giş­li bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň amal edil­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar­lar.
Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, hä­zir­ki döw­rüň ösü­şiň za­ma­na­sy­dy­gy­ny, dur­mu­şyň bir ýer­de dur­ma­ýan­dy­gy­ny, yzy­gi­der­li ösüp-öz­ge­rip bar­ýan­dy­gy­ny bel­läp, onuň tä­ze ka­da­lar­dyr ýö­rel­ge­ler bi­len baý­laş­ýan­dy­gy­na we öň­ki ga­ra­ýyş­la­ryň üýt­gäp, baş­ga ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, jem­gy­ýe­tiň esas go­ýu­jy hu­kuk bin­ýa­dy hem he­mi­şe kä­mil­leş­di­ri­lip du­rul­ýar. Şeý­dip onuň mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ra, döw­le­tiň ösüş de­re­je­si­ne, hal­kyň is­le­gi­ne la­ýyk gel­ýän kä­mil gör­nü­şi eme­le gel­ýär.
Ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny alan gü­nün­den bä­ri ýur­du­myz­da döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň ul­ga­my­nyň döw­re gö­rä yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, Gahryman Arkadagymyz bu iş­le­riň şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­le­ti ber­ka­rar et­mek­de hem-de do­lan­dyr­mak­da top­lan baý tej­ri­be­si­niň, öň­de­ba­ry­jy dün­ýä döw­let­le­ri­niň şu ugur­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň göz öňün­de tu­tu­lyp ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Bu bol­sa ada­myň we ra­ýa­tyň hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny, şol san­da ra­ýat­la­ryň döw­le­ti we jem­gy­ýe­ti do­lan­dyr­ma­ga gat­naş­ma­ga bo­lan hu­ku­gy­ny ke­pil­len­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Jem­gy­ýet­de asu­da­ly­gy hem-de ag­zy­bir­li­gi üp­jün et­mä­ge, halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň, de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­le­tiň esas­la­ry­ny ber­kit­mä­ge, hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge oňaý­ly şert­le­ri dö­red­ýär di­ýip, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy sö­zü­ni do­wam et­di.
Si­ze mä­lim bol­şy ýa­ly, biz mun­dan iki ýyl ozal döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­me­giň çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da ka­nun çy­ka­ry­jy hä­ki­mi­ýe­ti ama­la aşyr­ýan par­la­men­ti iki pa­la­ta­dan, ýag­ny Halk Mas­la­ha­tyn­dan we Mej­lis­den yba­rat bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­ne öwür­dik. Hä­zir­ki dö­wür­de olar öz we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýar di­ýip, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di. Hä­zir­ki döw­rüň ösüp-öz­ge­rip bar­ýan­dy­gy­ny na­za­ra ala­nyň­da, ýur­du­my­zyň ka­nun çy­ka­ry­jy hä­ki­mi­ýet eda­ra­sy­nyň gur­lu­şy­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­me­giň ze­rur­ly­gy­nyň ýü­ze çyk­ýan­dy­gy­ny bel­läp, Gahryman Arkadagymyz döw­rüň şu ta­lap­la­ryn­dan ugur alyn­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.
Şo­ňa gö­rä-de, hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk ta­ry­hyn­da döw­let gur­lu­şy ba­bat­da top­lan tej­ri­be­si­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn na­za­ra alyp, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň yg­ty­ýar­ly jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri bi­len äh­li­halk mas­la­hat­la­ry­ny ge­çi­rip, iň wa­jyp sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, har­by me­se­le­le­ri çöz­mek ba­ra­da­ky asyl­ly däp­le­rin­den ugur alyp, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­ny, ýag­ny Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi öňe sür­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dö­re­dil­me­gi we oňa giň yg­ty­ýar­lyk­la­ryň, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­ny, kons­ti­tu­si­on ka­nun­la­ry ka­bul et­me­giň, ola­ra üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­me­giň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça tek­lip­le­re ga­ra­ma­ga hem-de ma­kul­la­ma­ga yg­ty­ýar­ly­gyň be­ril­me­gi bi­len, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi bes edil­ýär di­ýip, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy. Şeý­le­lik­de, ýur­du­myz­da ka­nun çy­ka­ry­jy hä­ki­mi­ýe­ti ama­la aşyr­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi (par­la­ment) bir pa­la­ta­dan yba­rat bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne öw­rül­se mak­sa­da­la­ýyk bo­lar.
Tä­ze­den dö­re­dil­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dü­zü­mi­ne:
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy;
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti;
Mej­li­siň Baş­ly­gy;
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy;
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry;
Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry;
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry;
Adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly we­kil – Ada­lat­çy;
Baş pro­ku­ror;
ada­lat mi­nist­ri;
we­la­ýat­la­ryň, et­rap­la­ryň we şä­her­le­riň hä­kim­le­ri;
we­la­ýat­la­ryň, et­rap­la­ryň, şä­her­le­riň halk mas­la­hat­la­ry­nyň baş­lyk­la­ry;
et­rap­la­ryň eda­ra ediş mer­kez­le­ri bo­lup dur­ýan şä­her­le­riň hem-de şä­her­çe­le­riň ar­çyn­la­ry;
sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň, kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň we beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry;
we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň halk mas­la­hat­la­ry ta­ra­pyn­dan tek­lip edil­ýän jem­gy­ýet­çi­li­giň, şol san­da ýa­şu­lu­la­ryň we­kil­le­ri gi­ri­zil­se, dog­ry bo­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň yg­ty­ýar­ly­gy­na:
1) ýur­du­my­zyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­ny we kons­ti­tu­si­on ka­nun­la­ry­ny ka­bul et­me­giň, ola­ra üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­me­giň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça tek­lip­le­re ga­ra­mak hem-de ma­kul­la­mak;

2) döw­le­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­na, ýur­du­my­zy sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş we me­de­ni taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­la­ry­na se­ret­mek hem-de ma­kul­la­mak;
3) Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň her ýyl­ky Ýüz­len­me­si­ni diň­le­mek;
4) pa­ra­hat­çy­lyk we howp­suz­lyk me­se­le­le­ri­ne se­ret­mek;
5) Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­la­ryn­da göz öňün­de tu­tu­lan gaý­ry yg­ty­ýar­lyk­la­ry ama­la aşyr­mak de­giş­li edi­lip bil­ner.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň, onuň we­zi­pe­li adam­la­ry­nyň hem-de ag­za­la­ry­nyň işi­ni gu­ra­ma­çy­lyk we teh­ni­ki taý­dan üp­jün et­me­gi Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny ama­la aşy­rar. Şeý­le hem Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň üs­tü­ne we­la­ýat­la­ryň, et­rap­la­ryň we şä­her­le­riň halk mas­la­hat­la­ry­nyň işi­ne gu­ra­ma­çy­lyk-usu­ly­ýet taý­dan ýol­baş­çy­lyk et­mek we­zi­pe­si ýük­len­se, ýer­li halk mas­la­hat­la­ry­nyň has ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin amat­ly bo­lar­dy di­ýip, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­lis­le­ri ze­rur­ly­ga gö­rä, ýö­ne ýyl­da azyn­dan bir ge­zek onuň Baş­ly­gy ta­ra­pyn­dan ýa-da Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň umu­my sa­ny­nyň üç­den bir bö­le­gi­niň tek­li­bi bo­ýun­ça ça­gy­ryl­ýar. Bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz öňe sür­len tek­lip­ler ba­ra­da mas­la­ha­ta gat­naş­ýan­la­ryň pi­kir­le­ri­niň diň­le­nil­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.
Mas­la­hat­da il­ki bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Ýer­li we­kil­çi­lik­li hä­ki­mi­ýet we öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bi­len iş­le­mek ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy T.Öwe­zo­wa söz be­ril­di. Ol çy­ky­şyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan asyl­ly döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni gu­jur-gaý­rat, eg­sil­mez yh­las bi­len do­wam et­dir­ýän Arkadagly Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da uzak gel­je­gi na­zar­la­ýan düýp­li öz­gert­me­le­riň, giň möç­be­rli mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni nyg­tap, ýur­du­my­zyň döw­let dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ry­ny de­mok­ra­tik ýol bi­len ös­dür­me­giň, adam hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň, ösen ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ni ke­ma­la ge­tir­me­giň, ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny ber­kit­me­giň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di.
T.Öwe­zow döw­le­ti do­lan­dyr­mak­da mil­li tej­ri­bä­miz­den ugur al­mak bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň bäh­bi­di­ne we­kil­çi­lik ed­ýän ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­ny – Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny dö­ret­mek hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­ni bes edip, ýur­du­my­zyň ka­nun çy­ka­ry­jy we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­ny bir pa­la­ta­ly ul­ga­ma öwür­mek ba­ra­da­ky ta­ry­hy äh­mi­ýet­li tek­li­biň do­ly gol­da­nyl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Se­bit­le­ýin ösüş, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ag­ro­se­na­gat sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy B.My­ra­do­wa söz ber­di. Ol Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» at­ly şy­gar as­tyn­da geç­ýän 2023-nji ýy­la aý­dyň mak­sat­lar, uly ru­hu­be­lent­lik bi­len ga­dam ba­san­dy­gy­ny bel­läp, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň «Ge­ňeş­li bi­çi­len don gys­ga bol­maz» di­ýen pä­hi­min­den ugur al­nyp, döw­le­ti do­lan­dyr­mak­da de­mok­ra­tik we ada­lat­ly jem­gy­ýe­ti gur­mak­da­ky top­la­nan kö­pa­syr­lyk mil­li tej­ri­bä da­ýa­nyp, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Mej­li­si­niň bi­le­lik­dä­ki mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Ol şu gün­ki mas­la­hat­da hor­mat­ly Arkadagymyzyň eden çuň ma­ny­ly çy­ky­şy­ny uly buý­sanç bi­len diň­län­dik­le­ri­ni we jem­gy­ýe­tiň hu­kuk bin­ýa­dy­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek ba­ra­da öňe sür­len baş­lan­gyç­la­ryň ýur­du­my­zyň bu ugur­da­ky gel­jek­ki ösü­şi­niň ke­pi­li­di­gi­ni bel­le­di. Aý­ra­tyn-da, ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­ny yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­ýän dep­gin­le­ri­ne la­ýyk ge­tir­mek, par­la­ment ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, bir pa­la­ta­ly ul­ga­ma ge­çir­mek ba­bat­da hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň öňe sü­ren tek­lip­le­ri­ni tüýs ýü­rek­den gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny, bu çöz­gü­diň ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk ösüş ýo­lu­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­jek­di­gi­ni, bu mö­hüm öz­gert­me­le­riň hal­ky­my­zyň aý­dyň gel­je­gi­ni gur­ma­ga we dö­ret­mä­ge uly iter­gi ber­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz hä­zir­ki dö­wür­de ka­nun çy­ka­ry­jy, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji eda­ra­la­ryň işi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň, mö­hüm ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň ka­bul edil­me­gi­niň we dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň de­mok­ra­tik eda­ra­la­ry­nyň adam hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak ba­bat­da dur­mu­şa ge­çir­ýän çä­re­le­ri­niň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, çy­kyş et­mek üçin Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Adam hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy J.Gy­lyç­my­ra­do­wa söz ber­di.
J.Gy­lyç­my­ra­do­wa çy­ky­şy­nyň ba­şyn­da Arkadag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da pe­der ýo­lu­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ag­zy­bir türk­men hal­ky­nyň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti bi­len röw­şen gel­je­gi­ni gur­ýan ýur­du­my­zyň her bir gü­nü­niň ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şun­da uzak gel­je­gi na­zar­lap ka­bul edil­ýän giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy hal­ka­ra tej­ri­bä la­ýyk­lyk­da yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Ol hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan asyl­ly iş­le­ri­niň Arkadagly Serdarymyz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ila­tyň döw­le­ti we jem­gy­ýe­ti do­lan­dyr­ma­ga iş­jeň gat­naş­ma­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­niň ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di.
Ol Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň ösü­şin­dä­ki tej­ri­be­den hem-de türk­men hal­ky­nyň mil­li mi­ra­syn­dan ugur al­ýan döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nyp, Türk­me­nis­ta­nyň äh­li hal­ky­nyň bäh­bi­di­ne we­kil­çi­lik ed­ýän, ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­ny – Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­ni bes edip, mil­li par­la­men­ti­mi­zi bir pa­la­ta­ly ul­ga­ma öwür­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni tüýs ýü­rek­den gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny nyg­ta­dy.
Ýur­du­myz­da äh­li hal­kyň bäh­bi­di­ne we­kil­çi­lik ed­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny dö­ret­me­giň mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze hem-de oňyn dün­ýä tej­ri­be­si­ne la­ýyk gel­ýän kä­mil ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­mek, Si­ziň ta­ry­hy äh­mi­ýet­li baş­lan­gy­jy­ňy­zy giň halk köp­çü­li­gi­ne dü­şün­dir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­mi­ze ynan­dyr­ýa­rys di­ýip, J.Gy­lyç­my­ra­do­wa sö­zü­ni jem­le­di.
Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz çy­kyş et­mek üçin Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Hal­ka­ra me­se­le­ler ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy Ý.Ha­ýyt­ja­no­wa söz ber­di. Ol Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de Arkadag Serdarly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň her bir gü­nü­niň uly ösüş­le­re we dö­re­di­ji­lik­li iş­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni bel­läp, ýur­du­my­zy sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni taý­dan ös­dür­mek, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni we je­bis­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak üçin äh­li ugur­lar­da ägirt uly öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şun­da hor­mat­ly Arkadagymyzyň uzak gel­je­gi na­zar­la­ýan pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­niň üp­jün edi­len­di­gi, onuň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki ab­ra­ýy­nyň be­len­de ga­lan­dy­gy nyg­tal­dy.
Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de döw­let de­re­je­sin­de yzy­gi­der­li gol­daw be­ril­me­gi, ze­rur müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi esa­syn­da jem­gy­ýe­tiň we döw­let dur­mu­şy­nyň has mö­hüm ugur­la­ry­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne, adam hu­kuk­la­ry­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, Ý.Ha­ýyt­ja­now hor­mat­ly Arkadagymyzyň öňe sü­ren baş­lan­gy­jy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Mu­nuň özi ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­ti­ren, ha­lal­ly­ga, yn­san­per­wer­li­ge ýug­ru­lan ýö­rel­ge­le­ri­ni, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň özyg­ty­ýar­ly ösüş ýo­lu­ny ge­çen ýyl­la­ryn­da hu­kuk we dur­muş ul­ga­myn­da top­lan tej­ri­be­si­ni özün­de jem­le­ýär. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ky­my­zyň bäh­bi­di­ne we­kil­çi­lik ed­ýän eda­ra­ny – Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni do­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny aý­dyp, Ý.Ha­ýyt­ja­now Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dö­re­dil­me­gi­niň jem­gy­ýe­tiň sy­ýa­sy ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­me­gi, hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän de­mok­ra­tik dä­bi­ne eýe­rip, mö­hüm çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ni, aýan­lyk, ada­lat­ly­lyk, ka­nu­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy, çöz­güt­le­riň er­kin ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy we ka­bul edil­me­gi üçin müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün ed­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz çy­kyş eden­le­riň hem­me­si­ne min­net­dar­lyk bil­di­rip, öňe sür­len tek­lip­le­riň gol­da­nyl­ma­gy­nyň ba­şy baş­la­nan asyl­ly iş­le­riň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­di.
Gör­nü­şi ýa­ly, çy­kyş eden­le­riň äh­li­si Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­ni bes edip, ka­nun çy­ka­ry­jy hä­ki­mi­ýe­ti ama­la aşyr­ýan Mil­li Ge­ňe­şi (par­la­ment) bir pa­la­ta­dan yba­rat bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne öwür­me­gi gol­da­dy. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň üp­jün edil­me­gin­de, aý­ra­tyn-da, ka­nun­çy­lyk işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gin­de äh­mi­ýet­li bo­lar di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz sö­zü­ni do­wam et­di.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny dö­ret­mek bi­len bag­ly Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na – Esa­sy Ka­nu­ny­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak we umu­my­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa Ka­ra­ra gol çek­di­ler. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­ni bes et­mek we ka­nun çy­ka­ry­jy hä­ki­mi­ýe­ti ama­la aşyr­ýan we­kil­çi­lik­li eda­ra­ny bir pa­la­ta­dan yba­rat bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne öwür­mek ba­ra­da­ky tek­lip bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne ýüz­len­mek bel­le­nil­di.
Şeý­le hem mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da mil­li döw­let gur­mak we do­lan­dyr­mak me­se­le­le­rin­de top­la­nan baý ta­ry­hy tej­ri­bä da­ýan­mak ar­ka­ly Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek, döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­tir­mek, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak hem-de umu­my­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ka­ra­ra gol çek­di.
De­giş­li res­mi­na­ma­la­ra gol çe­ki­len­den soň­ra, hormatly Arkadagymyz Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Mej­li­si­niň bi­le­lik­dä­ki in­di­ki mas­la­ha­ty­nyň on gü­nüň do­wa­myn­da ge­çi­ril­jek­di­gi­ni bel­läp, şu­nuň bi­len bag­ly gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ni çöz­mek üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowa ýö­ri­te ha­tyň ýol­la­nyl­jak­dy­gy­ny, ma­kul­la­ny­lan ha­la­tyn­da, gu­ra­ma­çy­lyk işi­ne gi­ri­şil­jek­di­gi­ni aýt­dy. On­da ýo­kar­da ag­za­lan to­par ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nyl­jak ýur­du­my­zyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek hem-de onuň kä­bir mad­da­la­ry­ny güý­jü­ni ýi­ti­ren di­ýip yk­rar et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da Kons­ti­tu­si­on ka­nun­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na se­re­di­lip, ola­ryň ka­bul edil­jek­di­gi­ni bel­le­di.

(TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlandy).