Şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirilip, onda birnäçe döwletli teklipler öňe sürüldi. Şolaryň arasynda ýurdumyzyň dolandyryş-çäk birlikleriniň meseleleriniň hem bolmagy halkymyzda hoşallyk duýgularyny döredýär.

Ýur­du­my­zyň döw­let do­lan­dy­ryş ul­ga­my­ny, do­lan­dy­ryş-çäk gur­lu­şy­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­dir­mek, «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 – 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da», «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň do­lan­dy­ryş-çäk gur­lu­şy­ny kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry we we­la­ýat hä­kim­lik­le­ri, beý­le­ki de­giş­li eda­ra­lar bi­len bi­le­lik­de ze­rur iş­le­ri ge­çi­r­ýär.
Şeý­le-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da, et­rap­dyr şä­her­le­rin­de, pu­dak eda­ra­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­na taý­ýar­lyk iş­le­ri we onuň äh­mi­ýe­ti­ni wa­gyz ed­ýän köp­çü­li­kle­ýin çä­re­ler­dir da­ba­ra­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu mö­hüm sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik çä­rä­ni üs­tün­lik­li ge­çir­mä­ge my­na­syp go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na bil­di­ren berk yna­my hal­ky­my­zyň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dy­ryp, be­ýik iş­le­re gat­naş­ma­ga bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň 3-nji mad­da­syn­da: «Türk­me­nis­ta­nyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy halk ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar, halk döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýe­ke-täk göz­ba­şy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky öz hä­ki­mi­ýe­ti­ni gös-gö­ni ýa-da we­kil­çi­lik­li eda­ra­la­ryň üs­ti bi­len ama­la aşyr­ýar» di­ýip be­ýan edil­me­gi halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň kons­ti­tu­si­on ke­pil­len­di­ril­me­si­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ýur­du­myz­da uly jem­gy­ýet­çi­lik ins­ti­tut bo­lup, Halk Mas­la­ha­tyn­da ka­bul edi­len ta­ry­hy çöz­güt­ler, ta­ry­hy ka­rar­lar ýur­du­my­zyň äh­li çä­gin­de do­ly güý­jü­ne eýe­dir. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da he­re­ket ed­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tyn­da ka­bul edil­ýän ta­ry­hy çöz­güt­ler her bir ada­ma tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, ru­hube­lent­lik paý­la­ýar. Halk Mas­la­ha­ty­nyň dü­zü­minde dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ryn­dan we­kil­le­ri­niň bar­dy­gy­ny bel­läsimiz gelýär. Ýur­du­myz­da Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da Kons­ti­tu­si­on ka­nun he­re­ket ed­ýär. Şol ka­nu­nyň mad­da­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dü­züm bir­li­gi, ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iş­le­ri, dur­muş­da­ky or­ny ba­ra­da­ky äh­li zat­lar öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Goý, tu­tum­ly iş­ler, döw­let­li mas­la­hat­lar ar­ka­ly hal­ky­nyň her gü­nü­ni bag­ta bes­le­ýän türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Gülnara Saparmämmedowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.