Özüniň saýlap alan Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýar. Her ýyl däp bolşy ýaly, şanly Garaşsyzlygymyzyň mukaddes toýunyň öňüsyrasynda halk häkimiýetiniň uly dabaralanmasyny alamatlandyrýan iri syýasy-jemgyýetçilik waka – Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik-hukuk özgertmeleriniň nobatdaky tapgyrynyň, ýagny iki palataly parlament ulgamynyň döredilmeginiň möhüm çäresi bolan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary täze syýasy-demokratik ulgamy kemala getirdi. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegi halk häkimiýetliliginiň mizemez ýörelgelere esaslanýandygyny görkezdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň örän uly ähmiýeti bar. Maslahata jemgyýetiň ähli gatlagynyň wekilleriniň gatnaşmagyna, öz pikirini aýtmagyna mümkinçilik döredilmegi döwletimizde demokratiýanyň dabaralanmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyna ýol açýar. Il bilen maslahat edip, döwlet ähmiýetli çözgütleri halka geňeşip kabul etmek halkymyzyň asyrlardan gelýän milli ýörelgesi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek arkaly milli Parlamenti iki palataly ulgama geçirmegi döwrüň öňe çykarýan derwaýys wezipelerini netijeli çözmäge, täze kanunlary taýýarlamakda hem-de ulanmakda, işleriň ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga täze mümkinçilikleri döreder. Milli Maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik güýçlener. Şeýlelikde, täze hukuk özgertmeleri döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň wezipesini täze derejä çykarmaga, ony iş ýüzünde giň borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumymilli wekilçilikli edara öwürmäge oňyn şertleri döreder.
Halk Maslahatynyň her bir mejlisine halkymyz uly umyt, uly joşgun bilen garaşýar. Sebäbi bu mejlislerde halk bähbitli kararlardyr çözgütler kabul edilýär. Halk Maslahatynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçiriljek mejlisi hem taryhy waka bolar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprelinde paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Şonda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanmagy türkmen halkynyň milli Lideriniň töweregine mäkäm jebisleşendiginiň, hormatly Prezidentimize berk ynamynyň aýdyň subutnamasydyr.
Umuman, ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatda öz beýanyny tapan baş maksada — Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň gazanylmagyna gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ata-babalarymyzyň eýerip gelen we asyrlaryň synagyndan geçen demokratik ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowamyny emele getirýändigini bellemek guwandyryjydyr. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny baýlaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidigini nygtamak wajypdyr. Çünki bu döwletli maslahatda ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň has-da dabaralanmagy üçin kabul edilýän möhüm kararlardyr çözgütler mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň has-da berkemegine itergi berer.
Mährijemal GURBANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.