Baş baýramymyzyň – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemleri jemlener, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Bu işlere etrap, şäher, welaýat halk maslahatlarynyň agzalary hem işjeň gatnaşar. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Halk Maslahatynyň döredilmeginiň esasy maksadynyň ata-babalarymyzyň adalatly ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegini üpjün etmekden ybaratdygyny nygtaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz belent maksatly ösüşleri bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha ýokarlanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz ähli pudaklarda ýokary netijelere eýe bolýar. Taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan her bir günümiz buýsandyryjy wakalary bilen kalplara dolýar.
19-njy sentýabrda ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde belleýşi ýaly, halkymyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsanç bilen garşy alýar. Sebäbi bu sene Garaşsyz ýurdumyz hem-de agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, biziň her birimizi täze, belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr.
Jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işi hem asylly maksatdan ugur alýar. Onda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenýär, döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Döwletimiziň ösüşine mynasyp goşant goşan adamlary döwlet sylaglaryna we hormatly atlara hödürlemek baradaky teklipleriň öňe sürülmegi, Halk Maslahatynyň ykballary güllediji edara hökmündäki ornuny has beýgeldýär.
Ata-babalarymyz il sylagly ýaşulular bilen maslahat gurap, jemgyýetiň möhüm meselelerini çözmäge uly üns beripdirler. Bu däpler häzirki döwürde hem dowam edip, döwletli işleriň halkyň gatnaşmagynda çözülmegine giň mümkinçilik döredýär. Täze taryhy döwürde halk häkimiýetiniň esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmek ugrunda möhüm ädimler ädilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň giňden dowam etdirilmegi, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň pikiriniň hasaba alynmagy hem halk bähbitleriniň göz öňünde tutulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Bu ýol döwletimiziň we jemgyýetimiziň gülläp ösüşine, il-ýurt bähbitli çözgütleriň adalatly we netijeli kabul edilmegine hyzmat edýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýändigi bilen şöhratlanýan taryhy ähmiýetli çäreleriň hatarynda mynasyp orun alar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça geljekde amala aşyrylmaly işler, ata Watanymyzyň halkara abraýyny öňküdenem belende götermekde, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyljak, halkyň, ýurduň ykbalyna täsirini ýetirjek taryhy çözgütler kabul ediljek ählihalk forumy geňeşli halkyň bagtly halkdygyny nobatdaky gezek dünýä aýan eder.
Muhabbet Döwletowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.