28-nji sentýabrda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi.
Mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň şanyna geçirilen ýubileý ýörişinde Behişdi bedewler özleriniň gözelligini we başarjaňlygyny görkezdiler.
Baýramçylyk dabaralaryna Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň, KHBS-niň wekilleri, şeýle-de köpsanly myhmanlar we at çapyşygyň janköýerleri gatnaşdylar.
Artistleriň we döredijilik toparlarynyň hem-de bagşylar toparynyň joşgunly çykyşlary bu dabara türkmen toýlaryna mahsus bolan hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Bu ýerde göreşýän pälwanlar öz ussatlyklaryny subut etdiler.
Şanly sene mynasybetli toplumyň çäginde däp bolan ak öýler gurnaldy hem-de giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu sergi milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri, özboluşly halk senetleri barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär. Muzeý gymmatlyklaryny hem öz içine alan giň gerimli sergi ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine bagyşlandy.
Baýramçylyk at çapyşyklarynda ahalteke bedewleri dürli aralyga geçirilen çapyşyklaryň ýedisinde özleriniň okgunlylygyny we çalasynlygyny görkezdiler. Geçirilen çapyşyklaryň her birine atlaryň 12-si gatnaşdy.
1400 metr aralyga geçirilen ilkinji dört çapyşykda üçýaşar atlar ýaryşdylar.
Ilkinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Nowruz atly mele bedew 1 minut 31,5 sekunt wagt bilen iň gowy netijäni görkezdi. Ony çapyksuwar B.Babaýew çapdy.
Ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup, Içeri işler ministrligine degişli Garabatyr atly gurt mele bedew geldi. Ol bu aralygy 1 minut 33,5 sekuntda geçdi. Onuň çapyksuwary — Ö.Ýalkabow.
Üçünji çapyşykda çapyksuwar N.Agamyradowyň çapan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gumdag atly dor at 1 minut 31,7 sekunt wagt bilen iň gowy netijäni görkezdi.
Dördünji çapyşykda Energetika ministrligine degişli Menekli atly gara gysrak bedew ýeňiş gazandy. Onuň görkezen netijesi 1 minut 32 sekunda deň boldy. Çapyksuwary — J.Hydyrow.
Galan çapyşyklarda dört we uly ýaşar bedewler ýaryşdylar.
1800 metr aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kelete atly dor bedew 2 minut 2,3 sekunt wagt bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Çapyksuwary — B.Bajamow.
2200 metr aralyga geçirilen altynjy çapyşykda Döwlet daşary ykdysady iş bankyna degişli Syrdaşym atly gyr at iň ýokary netijäni görkezdi. Ol bu aralygy 2 minut 23,7 sekuntda geçdi. Ony çapyksuwar B.Berdimuhammedow çapdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky şeýle aralykdaky jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Goşasakar atly gyr bedew pellehana ilkinji bolup geldi. Ol bu aralygy 2 minut 31,2 sekuntda geçdi. Çapyksuwary — B.Bajamow.
Soňra ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 1-6-njy çapyşyklaryň ýeňijilerine 100 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiziň baýragyny — 300 müň manady 2200 metr aralyga geçirilen ýedinji çapyşykda ýeňiji bolan çapyksuwara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahaltekeatçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow gowşurdy.