Hal­ka­ra Aý göz­leg bekedi gu­rlar

141

Hy­ta­ýyň Aý göz­leg mak­sat­na­ma­sy­nyň baş di­zaý­ne­ri U Weý­žen Hal­ka­ra Aý göz­leg bekediniň esa­sy gur­lu­şynyň 2028-nji ýyl­da gurlup gutaryljakdygyny mälim etdi. Beketde Aýa gon­jak en­jam­la­r üçin de­giş­li inf­rast­ruk­tu­ra dö­re­di­ler we ener­gi­ýa ul­ga­my, ara­gat­na­şyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy we adam­la­ryň dur­muş üp­jün­çi­li­gi üçin de­giş­li şert­ler dö­re­di­ler. Dö­re­dil­jek ara­gat­na­şyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy Aý bi­len Ýe­riň ýa-da beý­le­ki pla­ne­ta­la­ryň ara­syn­da ara­gat­na­şygy üp­jün eder.
Hy­taý soň­ky bäş ýyl­da Aý­da dür­li bar­lag­la­ry ge­çir­mek üçin bäş sa­ny kos­mos sy­ýa­ha­ty­ny ama­la aşyr­dy. Öňü­miz­dä­ki 10-15 ýyl­da Hy­taý Aý ba­za­sy­ny gur­mak­dan baş­ga-da, pla­ne­ta­la­ry göz­le­mek, Aý­da we Mars­da adam­la­ryň gon­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­jek aşa güýç­li kos­mos en­jam­la­ry­ny dö­ret­mek ýa­ly kos­mos me­ýil­na­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýar.

Gur­ban­my­rat GY­LY­JOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.