6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap döwletimiziň halkara giňişliginde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji dekabrda uly baýramyň – Halkara Bitaraplyk gününiň bellenip geçiljekdigini aýtdy hem-de ýygnananlary we mähriban halkymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris. Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi hem-de toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.
PDF









