Düýn, 30-njy dekabrda ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň mejlisler jaýynda ýylyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçylar, talyplar hem-de olary halkara bäsleşiklerine taýýarlan mugallymlar sylaglandy. Olara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.