Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2025-2026-njy okuw ýylynda instituta okuwa girmäge isleg bildirýän Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji, 76-njy we 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdepleriniň hem-de Arkadag şäherindäki mekdepleriň gutardyş synp okuwçylaryny 1-nji aprelde, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary 14-nji we 30-njy aprelde sagat 9:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.
Bu günlerde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralandyrylmagyna, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ilerledilmegine, bilim ylym ulgamlaryny ösdürmek bilen bagly özgertmeleriň durmuşa geçirilişine degişli işler, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, bilim ojagynda talyplaryň durmuşy baradaky wideo film, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Ýaş diplomatlar merkezi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.
Şeýle hem 1-nji, 14-nji, 30-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ahal welaýatynyň; «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Balkan welaýatynyň; Türkmen oba hojalyk institutynda Daşoguz welaýatynyň; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Lebap welaýatynyň; Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Mary welaýatynyň ýaşlary üçin «Açyk gapylar» günleri geçiriler.
Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy. Telefon belgisi: 26-61-13.
Web saýty: www.iirmfa.edu.tm