Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkeziniň diňleýjilerine şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzümindäki bu merkezlerde ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň 104-si okuwlaryny üstünlikli tamamladylar. Şol sanda 98 talyp Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde öňüni alyş diplomatiýasy, ulag diplomatiýasy, energetika diplomatiýasy, suw diplomatiýasy we ykdysady diplomatiýasy ugurlary boýunça okuwlary tamamladylar. Talyplaryň 6-sy Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezinde okuw geçdiler.
Talyplaryň uly toparynyň okuwlary üstünlikli tamamlamagy halkara gatnaşyklar ulgamynda häzirki zaman wezipelerine hem-de mümkinçiliklerine çuňňur düşünmäge bolan ymtylmalaryna, şeýle hem ýokary hünär derejeli diplomatik işgärleri taýýarlamak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň netijelidigine şaýatlyk edýär. Alnan bilimler we ukyp-başarnyklar merkezleriň uçurymlaryna geljekde ýurdumyzyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşmaga kömek eder.
2018-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda döredilen Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi ýokary okuw mekdebiň talyplaryna ýurdumyzyň daşary syýasatyny kemala getirmekde möhüm orun eýeleýän türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlaryny öwrenmek boýunça okuwlary yzygiderli esasda teklip edýär.
Merkeziň esasy wezipesi Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgelerini, ilkinji nobatda, öňüni alyş diplomatiýasy, ykdysadyýet, energetika, ulag hem-de suw serişdeleri meseleleri boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen başlangyçlar babatda okuwlary çuňňur öwretmek arkaly halkaraçy-hünärmenleri taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen okuwlary guramakdan ybaratdyr.
Durnukly ösüş maksatlar boýunça ylmy merkezinde-de talyplar üçin yzygiderli esasda okuwlar guralandyr. Bu merkeziň işi diňleýjileriň ählumumy durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça öňde durýan wezipeleri hem-de ugurlary öwrenmegine jemlenendir.
Okuw merkezlerinde tejribeli mugallymlaryň, degişli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda diňleýjiler – geljekki diplomatlar we ýaş hünärmenler üçin giň düşündiriş işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň alyp barýan halkara işlerine, Türkmenistan tarapyndan döwletleriň arasyndaky dostluk, deňhukuklylyk ýörelgeleri, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan halkara gatnaşyklarynda türkmen diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berilýär.