29-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary her ýyl halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerine we olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar hem-de Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýärler.
“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 17-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda iňlis dili dersi boýunça I halkara internet olimpiadasyny, 20-nji maýda bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça açyk internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu olimpiadalary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli işler dowam edýär. Olara daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşarlar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara derejeli bilim bäsleşiklerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini, munuň ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmak bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ýokary okuw mekdepleri bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna-da ýardam etjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere halkara internet olimpiadalarynyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Tomus dynç alşyna taýýarlyk görülýär
Hormatly Prezidentimiz tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigi bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi hem-de geçirilen işler barada Hökümetiň indiki mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.