25-nji aprelde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilen II halkara matematika olimpiadasy üstünlikli jemlendi. Bilşimiz ýaly, bu bilim bäsleşigine Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Bolgariýa Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, şeýle hem Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden okuwçylaryň jemi 231-si gatnaşdy.
Halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasyna Türkmenistanyň bilim ministri hem-de degişli ýolbaşçylar, eminler toparynyň başlygy, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, daşary ýurtly we türkmenistanly mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň başynda olimpiada gatnaşan döwletleriň wekiliýetleriniň agzalary çykyş edip, bu bilim bäsleşiginiň parahatçylygy berkitmekde, halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmakda, halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar hem-de şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Soňra bäsleşigiň ýeňijileri sylaglanyldy. Mälim bolşy ýaly, ders bäsleşigi A we B derejede alnyp barlyp, olimpiadanyň geçirilişine ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň orta mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen eminler topary gözegçilik etdi. Şeýlelikde, olimpiada gatnaşyjylaryň görkezen netijeleri seljerilip, bürünç, kümüş we altyn medallara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna Hormat hatlary hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly ruhubelentlik çaýdy.
Mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen II halkara matematika olimpiadasynda altyn medallaryň sany boýunça wýetnamly gatnaşyjylar ýokary netije görkezip, altyn medallaryň 6-syna mynasyp boldular. Şeýle hem bu sanawda 5 sany altyn medal bilen ýurdumyzyň mekdep okuwçylary ikinji, 4 sany altyn medal bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Özbegistanyň wekilleri üçünji orunlary eýelediler. Umumylykda, olimpiada gatnaşyjylar A we B derejeler boýunça medallaryň jemi 101-sine mynasyp boldular. Medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň mekdep okuwçylary iň ýokary netijäni görkezip, olar medallaryň 31-sini, şol sanda 5 altyn, 9 kümüş,17 sany bolsa bürünç medal gazanmagy başardylar. Bu sanawda medallaryň 17-si bilen Özbegistanyň mekdep okuwçylary ikinji, medallaryň 10-sy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Täjigistanyň wekilleri üçünji orunlary eýelediler.