Halkara Nowruz güni mynasybetli täze awtobus ugry ýola goýuldy

210

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň  «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ilatyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli, medeniýetli bolmagyny gazanmakda uly işleri durmuşa geçirýär. Şu maksat bilen 21-22-nji martda Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda geçiriljek «Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni» mynasybetli baýramçylyk günlerinde 18-nji martdan başlap, 72-lik «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi» ugry ýola goýuldy.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň  «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berilýär.