Şu gün, 11-nji de­kabr­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da Aş­ga­bat­da «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi ber­kit­mek­de bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we kon­sul­lyk eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň, hu­su­san-da BMG-niň we­kil­le­ri, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň iş­gär­le­ri, şeý­le hem hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry we howp­suz­ly­gy ug­ru­na ýö­ri­te­le­şen bi­ler­men­ler, pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy iler­let­mek bo­ýun­ça iş­le­ri iş­jeň alyp bar­ýan ýaş­lar we ta­lyp­lar gu­ra­ma­la­ry, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň, aka­de­mi­ki we yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri­niň.we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da oňa gat­na­şy­jy­lar pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş­la­ry bi­len paý­laş­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu iş­le­riň my­sa­ly hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek­dä­ki we sak­la­mak­da­ky konst­ruk­tiw ga­raý­şy be­ýan edil­di.
Hal­ka­ra mas­la­ha­tyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­si­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow döw­le­ti­mi­ziň ne­ti­je­li da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry ba­ra­da aý­dyp ber­di. Hu­su­san-da, ol Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň kes­git­leý­ji ala­ma­ty, pel­se­pe­si bo­lup köp­çü­lik­le­ýin, ul­gam­la­ýyn esas­da­ky bi­le­lik­dä­ki işe, bir­leş­mä­ge we je­bis­leş­mä­ge da­ýan­ma­gyň çy­kyş ed­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­di.
Soň­ra çy­kyş eden­ler – Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Bi­na­li Ýyl­dy­rym, Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň da­şa­ry sy­ýa­sat me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Ýö­ri­te we­ki­li Ab­du­la­ziz Ka­mi­low, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň kö­mek­çi­si, BMG-niň Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň Ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça ko­mi­te­ti­niň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ra­ty­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Na­tal­ýa Ger­man; BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň ka­nu­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy we howp­suz­lyk eda­ra­la­ry bo­ýun­ça Kö­mek­çi­si Alek­sandr Zu­ýew, şeý­le hem Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Ýö­ri­te we­ki­li Ter­ri Ha­ka­la mö­hüm äh­lu­mu­my me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak hem-de pa­ra­hat­çy­ly­ga we ösü­şe aban­ýan howp­la­ryň we we­him­le­riň öňü­ni al­ma­gyň saz­la­şyk­ly me­ha­nizm­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak üçin Aş­ga­bat­da bu mas­la­ha­ty ça­gyr­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň Äh­lu­mu­my ara­gat­na­şyk bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry Me­lis­sa Fle­ming we BMG-niň ozal­ky Baş sek­re­ta­ry, Äh­lu­mu­my Ýa­şyl ösüş ins­ti­tu­ty­nyň ýol­baş­çy­sy Pan Gi Mun wi­deo­ýüz­len­me­le­rin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň mö­hüm­di­gi ba­ra­da çy­kyş et­di­ler.
Soň­ra mas­la­hat “Dur­nuk­ly ösüş pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň öze­ni hök­mün­de”, “Halk­la­ryň ara­syn­da­ky yna­nyş­mak we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti” we “Yna­nyş­ma­gy ber­kit­mek­de in­no­wa­si­on çe­me­leş­me­ler” at­ly üç te­ma­ti­ki mej­lis­ler­de do­wam et­di.
Mej­lis­le­re gat­na­şy­jy­lar öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa me­ha­nizm­le­ri­ni ulan­mak we bar bo­lan hal­ka­ra we se­bit dü­züm­le­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni güýç­len­dir­mek ar­ka­ly hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ýol­la­ry ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.
Dün­ýä­de ýü­ze çyk­ýan kä­bir gap­ma-gar­şy­lyk­ly ýag­daý­la­ry çöz­mek­de äh­li gy­zyk­lan­ýan ta­rap­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da­ky dia­log meý­dan­ça­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di.
Mas­la­ha­ta gat­na­şan­lar pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek we dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak ug­run­da ta­gal­la­la­ry müm­kin­ga­dar bir­leş­dir­mä­ge şert­leş­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly hök­mün­de yg­lan edi­len gel­jek ýy­lyň äh­mi­ýe­ti bel­len­di.
Mas­la­ha­tyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça jem­leý­ji res­mi­na­ma ka­bul edil­di. Res­mi­na­ma­da mas­la­hat­da çy­kyş eden we­kil­le­riň esa­sy ga­ra­ýyş­la­ry özü­niň be­ýa­ny­ny tap­dy.