Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, karar edýärin:

1. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň kararyny makullamaly.

2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi şulara ýardam bermeli:

1) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Tertipnamasynyň we gurluşynyň kanunçylykda bellenen tertipde taýýarlanylmagyna we tassyklanylmagyna;

2) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmak hem-de bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy amallaryny geçmegine;

3) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň taýýarlygyň ugurlary (hünärler) boýunça okuw meýilnamalarynyň halkara ölçeglere laýyklykda taýýarlanylmagyna hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamaga berilmegine;

4) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine okuwa kabul etmegiň meýilnamasynyň kanunçylykda bellenen tertipde tassyklanylmagyna;

5) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde talyplaryň okamak üçin tölegleriniň möçberiniň kesgitlenilmegine;

6) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 2025-2026-njy okuw ýylyndan talyplaryň okuwa kabul edilip başlanmagyna;

7) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň, hünärmenleriň bellenen tertipde çagyrylmagynyň guralmagyna.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 27-nji iýuny.