Iki ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýän «Du­bai Airs­how 2025» hal­ka­ra ser­gi­sin­de awia­kom­pa­ni­ýa­lar tä­ze uçar­la­ryň on­lar­ça­sy­ny sar­gyt et­di. 17-nji no­ýabr­da öz işi­ne baş­lap, şu gün ta­mam­lan­ýan ser­gi­de «Emi­ra­tes» awia­kom­pa­ni­ýa­sy «Boeing 777X» mak­sat­na­ma­syn­da­ky bi­rin­ji­lik or­nu­ny ber­kit­di. Kom­pa­ni­ýa ýe­ne-de 65 sa­ny «Boeing 777-9» uça­ry­ny sar­gyt et­di. Şeý­le­lik­de, awia­kom­pa­ni­ýa­nyň «777X» se­ri­ýa­sy­na de­giş­li sar­gyt eden uçar­la­ry­nyň sa­ny 270-e ýet­di.
«Air Se­ne­gal» kom­pa­ni­ýa­sy hem 9 sa­ny «737 MAX» uça­ry­ny sar­gyt et­di. Kom­pa­ni­ýa Ýew­ro­pa­da we ABŞ-da tä­ze ugur­la­ry aç­ma­gy mak­sat edin­ýär.
Ser­gi­niň çäk­le­rin­de dür­li gör­nüş­li ho­wa gä­mi­le­ri­niň uçuş­la­ry we ta­nyş­dy­ry­lyş­ dabaralary, awia­si­ýa pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan ugur­daş kom­pa­ni­ýa­la­ryň hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry gör­ke­zil­di.

Oguljan BÄŞIMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.