Şu gün, 13-nji martda Türki Döwletleriň Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary aýratynlykda geçiren metbugat maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk çäreleri we saýlawyň geçirilişi baradaky taýýarlan synlaryň netijeleri yglan edildi. Çärä ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, gatnaşdylar.

Toparlaryň ýolbaşçylary ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine we Merkezi saýlaw toparyna döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan jemgyýetçilik-syýasy waka gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler. Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde, açyklyk we aýanlyk, şeýle hem saýlawçylaryň işjeňligi ýagdaýynda geçirilendigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Gismat Gozalow Prezident saýlawlarynyň ähli kadalara laýyk, durnukly ýagdaýda geçendigini belledi. Ol  şeýle hem saýlaw uçastoklarynda bolan döwründe saýlawlaryň geçirilmegi üçin ähli şertleriň döredilendiginiň şaýady bolandyklaryny, Prezident saýlawlaryna hödürlenen dalaşgärler üçin öz maksatnamalaryny halk köpçüligine ýetirmek üçin deň derejede şertleriň döredilendigini nygtady.