14–16-njy noýabr aralygynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan teatr sungatynyň bu uly baýramy Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň wekiliýetlerini bir ýere jemledi. Olar meşhur drama, sazly, ýaşlar teatrlarynyň döredijilik toparlary hem-de sahna sungaty boýunça hünärmenler we teatry öwrenijilerdir.

Teatr fes­ti­wa­ly­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­niň öz ýurt­la­ry­nyň me­de­ni däp-des­sur­la­ry­ny gör­kez­ýän baý­ram­çy­lyk çy­kyş­la­ry bi­len ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­nyň öňün­dä­ki öz­bo­luş­ly mil­li ly­bas­la­ryň göl­le­rin­de şöh­le saç­ýan meý­dan­ça­da da­ba­ra­ly baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi ge­çi­ril­di. Paý­tag­ty­my­zyň teatr­la­ry­nyň we Döw­let sir­ki­niň ar­tist­le­ri köp san­ly to­ma­şa­çy­lar üçin öz­le­ri­niň aja­ýyp sah­na çy­kyş­la­ry­ny, ak­ro­ba­tik oýun­la­ry­ny taý­ýar­lap­dyr­lar. Baý­ram­çy­lyk çä­re­si­ne gat­na­şy­jy­lar mil­li saz gu­ral­la­ryn­da ýaň­lan­ýan saz­la­ry diň­le­mä­ge, bu gu­ral­la­ryň, şaý-sep­le­riň ýa­sa­ly­şy­ny syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Mol­la­ne­pes adyn­da­ky ta­lyp­lar te­at­ry­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da öz­bo­luş­ly be­ze­len sah­na­da Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry öz taý­ýar­lan ede­bi-çe­per çy­ky­şyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy, Mol­la­ne­pes ýa­ly nus­ga­wy şa­hyr­la­ryň, mil­li we dün­ýä dra­ma­tur­gi­ýa­sy­nyň nus­ga­lyk gah­ry­man­la­ry­nyň keşp­le­ri­ni jan­lan­dyr­mak ar­ka­ly myh­man­la­ry gar­şy­la­ýar­lar.
Soň­ra da­ba­ra Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­nyň bi­na­syn­da do­wam et­di. Onuň za­lyn­da aý­dym-sa­zyň owa­zy as­tyn­da meş­hur türk­men su­rat­keş­le­ri­niň, heý­kel­ta­raş­la­ry­nyň, gra­fi­ka­çy­la­ry­nyň eser­le­ri­niň, şeý­le hem Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň ta­lyp­la­ry­nyň, sah­na be­zeg­çi­le­ri­niň iş­le­ri­niň ser­gi­si ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.
Teatr za­lyn­da «Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň teatr sun­ga­ty» at­ly IV hal­ka­ra fes­ti­wa­lyň res­mi açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Oňa ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň, fes­ti­wa­la gat­na­şy­jy döw­let­le­riň dö­re­di­ji­lik we­ki­li­ýet­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri, dö­re­di­ji­lik ugur­ly ýo­ka­ry hem-de ýö­ri­te­leş­di­ri­len or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp ýaş­la­ry gat­naş­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň fes­ti­wa­la gat­na­şy­jy­la­ra we ony gu­raý­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gyn­da hal­ka­ra fes­ti­wal­la­ryň ösüp bar­ýan ýaş ne­sil­le­riň dün­ýä halk­la­ry­nyň me­de­ni­ýet­le­ri, hä­zir­ki za­man teatr sun­ga­ty bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­gy­na uly ýar­dam ber­ýän­di­gi­ni, me­de­ni­ýet, sun­gat we teatr iş­gär­le­ri­niň göz­ýe­ti­mi­niň gi­ňel­me­gi­ne, iş tej­ri­be­le­ri­niň has-da kä­mil­leş­me­gi­ne öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­ýar.
Çä­rä­niň da­ba­ra­ly bö­le­gin­den soň­ra, ýur­du­my­zyň teatr ar­tist­le­ri we tans to­par­la­ry «Türk­me­niň ýo­ly – pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk, do­gan­lyk ýo­ly» at­ly ede­bi-saz­ly teatr­laş­dy­ry­lan sah­na­ny gör­kez­di­ler. Soň­ra ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da hä­zir­ki dö­wür­de ýe­ti­len sep­git­ler ba­ra­da­ky wi­deo­fil­miň gör­ke­zi­li­şi bol­dy. Da­ba­ra fes­ti­wa­la gat­naş­ýan döw­let­le­riň ýur­du­my­za ge­len dö­re­di­ji­lik we­ki­li­ýet­le­ri­niň çy­kyş­la­ry bi­len do­wam et­di. Myh­man­lar şeý­le du­şu­şyk­la­ryň mil­le­ta­ra dö­re­di­ji­lik ara­gat­na­şy­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi, me­de­ni­ýet­le­riň we öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ryň öza­ra baý­laş­dy­ryl­ma­gy üçin tä­ze göz­ýe­tim­le­ri aç­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky umu­my pi­ki­ri bi­ra­gyz­dan ma­kul­la­dy­lar.
Göz­den ge­çi­ri­li­şe teatr to­par­la­ry­nyň iň go­wy iş­le­ri­ni ge­ti­ren­dik­le­ri bel­le­nil­di. Ola­ryň için­de tä­ze sah­na eser­le­ri we to­ma­şa­çy­la­ryň uly söý­gü­si­ne my­na­syp bo­lan meş­hur spek­takl­lar bar.
Dö­re­di­ji­lik fo­ru­my­nyň bi­rin­ji gü­nün­de ýur­du­my­zyň bir­ba­da dört te­at­ryn­da gör­ke­zi­liş­ler bol­dy. Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Aman Gul­mäm­me­dow adyn­da­ky döw­let dra­ma te­at­ry be­ýik türk­men şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­gyş­lap taý­ýar­lan «Kö­ňül­ler ke­la­my» at­ly sah­na ese­ri­ni gör­kez­di. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Alp Ars­lan adyn­da­ky mil­li dra­ma te­at­ryn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Bi­ken Ri­mo­wa adyn­da­ky Tal­dy­kor­gan dra­ma te­at­ry­nyň «Go­rag­syz­lar gü­ni» at­ly spek­tak­ly sah­na­laş­dy­ryl­dy. Ag­şam Baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ryn­da köp san­ly myh­man­la­ryň we te­at­ry öw­re­ni­ji­le­riň dyk­ga­ty­na Mah­mu­jon Wa­hi­dow adyn­da­ky Tä­jik döw­let ýaş­lar te­at­ry­nyň «Wa­tan­dan uzak­da bir gi­je» at­ly sah­na ese­ri hö­dür­le­nil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ry Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ho­rezm we­la­ýa­ty­nyň saz­ly dra­ma te­at­ry­nyň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry­ny ka­bul et­di. Bu ýer­de «Şa­se­nem we Ga­ryp» spek­tak­ly to­ma­şa­çy­la­ra gör­ke­zil­di.
Fes­ti­wa­lyň ikin­ji gü­ni hem teatr sah­na­la­ry­na baý bol­dy. Gü­nüň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ryn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ga­li­as­gar Ka­mal adyn­da­ky Ta­tar döw­let aka­de­mi­ki te­at­ry­nyň ar­tist­le­ri «Gel­mi­şek» at­ly spek­tak­ly­ny teatr muş­dak­la­ry­na ýe­tir­di­ler. Şol gün türk­men ar­tist­le­ri we re­žiss­ýor­la­ry öz sun­gat us­sat­lyk­la­ry­ny açyp gör­kez­di­ler. Alp Ars­lan adyn­da­ky mil­li dra­ma te­at­ry fes­ti­wal­da gör­kez­mek üçin Çin­giz Aýt­ma­to­wyň «Ak gä­mi» po­wes­ti­niň esa­syn­da dö­re­di­len sah­na ese­ri­ni saý­lap al­dy. Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ry­nyň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry Gow­şut­gel­di Da­ňa­ta­ro­wyň «Leý­li we Mej­nun» pýe­sa­sy­nyň esa­syn­da «Söý­gi hem has­rat» at­ly sah­na ese­ri­ni to­ma­şa­çy­la­ra gör­kez­di.
Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Bat­ken we­la­ýa­ty­nyň Ap­paz Žaý­na­kow adyn­da­ky saz­ly dra­ma te­at­ry­nyň ar­tist­le­ri Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Aman Gul­mäm­me­dow adyn­da­ky döw­let dra­ma te­at­ryn­da myh­man­çy­lyk­da bo­lup, onuň sah­na­syn­da «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly sah­na ese­ri­ni gör­kez­di­ler.
16-njy no­ýabr­da fes­ti­wa­lyň jem­leý­ji gü­nün­de Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ryn­da «Mag­tym­gu­ly – kö­ňül gu­şy» at­ly spek­takl gör­ke­zil­di. Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Şu­şa döw­let saz­ly dra­ma te­at­ry Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ry­nyň sah­na­syn­da «Edel­weýs ýa-da sen my­da­ma me­niň ýa­nym­da» at­ly pýe­sa­ny hö­dür­le­di. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de teatr ýol­baş­çy­la­ry­nyň we dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň gat­naş­mak­la­ryn­da teatr sun­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge, onuň mil­li me­de­ni­ýe­ti go­rap sak­la­mak­da­ky äh­mi­ýe­ti­ne, ru­hy mi­ra­sy gel­jek ne­sil­le­re ge­çir­mä­ge hem-de «Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň teatr sun­ga­ty» at­ly IV hal­ka­ra fes­ti­wa­la gat­na­şy­jy döw­let­le­riň teatr­la­ry­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga ba­gyş­la­nan iş mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.
Şol gün ag­şam­lyk Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ryn­da fes­ti­wa­lyň jem­le­ri­ni jem­le­mek, oňa gat­na­şy­jy­la­ry ýö­ri­te dip­lom­lar, ta­pa­wut­lan­dy­ryş ny­şan­la­ry we ýa­dy­gär­lik sow­gat­lar bi­len sy­lag­la­mak hem-de çä­rä­niň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.