Her ýylyň 30-njy sentýabrynda terjimeçileriň hünär baýramçylygy bolan Halkara terjime güni giňden bellenilýär. Onuň bu senede bellenilmeginiň sebäbini 419-420-nji ýyllarda Injili latyn diline doly terjime eden Iýeronima Stridonskiniň aradan çykan senesi bilen baglanyşdyrýarlar. Halkara terjime güni 1991-nji ýylda Terjimeçileriň halkara federasiýasy (FIT) tarapyndan resmi taýdan tassyklanyldy.

Soň 2017-nji ýylyň 24-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda guramanyň agza döwletleri tarapyndan karar kabul edilip, 30-njy sentýabry Halkara terjime güni diýlip yglan edildi. Bu kararda dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde, halklaryň arasynda özara düşünişmekligi ýola goýmaklykda terjimeçileriň we terjimäniň ornunyň uludygy nygtalýar. Bu halkara gün her ýyl özboluşly şygar astynda geçirilýär.

Häzirki wagtda BMG köp dillilige hem-de terjimeçilige aýratyn üns berýär. Sebäbi köp dillilik maglumat alyş-çalyşmakda, şeýle hem halklaryň arasynda sazlaşykly aragatnaşygy guramakda möhüm faktorlaryň biri bolup durýar.

Mundan başga-da, Adam hukuklary baradaky Ählumumy jarnamasy 500-den gowrak dile terjime edildi. BMG-niň resmi dilleri arap, hytaý, iňlis, fransuz, rus we ispan dilleridir. BMG döredilen gününden bäri dünýä halklarynyň resmi dillerini ulanylmagyny ýaýbaňlandyrmak maksady bilen köp sanly işleri amala aşyrýar. Şonuň esasynda hem, her ýylyň 21-nji fewraly Halkara ene dili güni diýlip yglan edildi.

 

Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.