3-nji maýda sagat 14:00-da Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti sizi “Açyk gapylar” gününe gatnaşmaga çagyrýar. Bu çärede halkara uniwersitetde bilim almaga isleg bildirýän ýaşlary ýokary okuw mekdebiniň fakultetleri, hünärleri, okuwlaryň guralyşy we uniwersitetde ýokary hünär bilimini almagyñ artykmaçlyklary bilen tanşarlar. Açyk gapylar gününde dalaşgärlere uniwersitetiň ýolbaşçylary we mugallymlary bilen duşuşmaga mümkinçilikler dörediler.
“Açyk gapylar” gününde myhmanlara uniwersitetiň ähli mümkinçiliklerini açyp görkezjek gezelençler, sergiler, görelde sapaklary, zehin bäsleşikleri we beýleki ylym-bilim bilen bagly gyzykly çäreler guralar. Dalaşgärler uniwersitetiň ylym-bilim babatynda mümkinçilikleri, şeýle hem daşary ýurt dilinde ýokary hünär bilimini almagyň aýratynlyklaryny we uniwersitetiň onlaýn platformalary, halkara ülňülerine laýyk gelýän iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw we kompýuter otaglary bilen giňişleýin tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň (Andalyp) 1958 köçesiniň 169-njy jaýy.
Goşmaça maglumat üçin telefonlar: 39-85-42, 39-85-13, 39-85-40, 39-85-33, 39-85-28, 39-85-29.